Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
30.12.2024

28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy birek-biregi ýetip gelýän täze — 2025-nji ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, Walentina Matwiýenko türkmen halkynyň Milli Lideriniň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalaryny aýratyn belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Walentina Matwiýenkonyň iki dostlukly ýurduň arasynda özara düşünişmek, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine goşýan şahsy goşandyny belledi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, 2024-nji ýyl ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlaryň giň gerimi boýunça okgunly ösüşine beslendi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylyň türkmen-rus dostlugyny we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm çärelere hem-de wakalara baý boljakdygyna ynam bildirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy dialogyň ähmiýeti bellenildi. Bu dialog netijelidigini, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýändigini subut etdi. Şeýle hem 2025-nji ýylda özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. 2025-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy syýasata dialog we hormat goýmak medeniýetini gaýtaryp getirmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigine üns çekildi. Şunda ýokary jogapkärçilikli, häzirki hem-de geljek nesilleriň öňünde ynsanperwer wezipäni ýerine ýetirýän zenanlara uly orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu barada aýtmak bilen, 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň birinji dialogynyň Türkmenistanda üstünlikli geçirilendigini belledi. Bu forum halkara gatnaşyklarda zenanlaryň döredijilikli ornuny görkezdi we olaryň döwletara hyzmatdaşlyga işjeň goşulyşmagyna möhüm itergi berdi.

Gahryman Arkadagymyz Walentina Matwiýenko Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň ikinji dialogyny geljek ýylyň maýynda Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Bu möhüm çäre Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk deňzi, duşuşyklaryň, dialogyň, özara düşünişmegiň ýeri hökmündäki taryhy ornuny nobatdaky gezek tassyklar. Munuň özi dünýä syýasatynyň häzirki ýagdaýynda aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle hem Hazar deňziniň kenarynda geçiriljek ikinji dialog bu sebitiň halkara diplomatiýanyň jogapkärli merkezleriniň biri, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň döredijilikli merkezi bolup durýandygyny äşgär eder.

Söhbetdeşligiň barşynda Milli Liderimiz dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak üçin mundan beýläk-de tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen ýene-de bir gezek gutlap, berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi