24-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa, ýeňil senagaty önümleri we gurluşyk materiallary ýerlenildi.
Gyrgyzystanyň telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen nah ýüplükleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmen işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden olar nah galyndylaryny, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden bolsa float aýnasyny satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 7 342 000 manada we 46 640 amerikan dollara barabar bolan 5 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi