Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde günde 30 müň kub metr arassa agyz suwuny öndürýän suw arassalaýjy desga we Ak bugdaý etrabynda günde 15 müň kub metr kuwwatly lagym arassalaýjy desga dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizildi.
Bu desgalary Tejen şäherinde hususy kärhana «Netijeli binýat», Ak bugdaý etrabynda bolsa «Mukaddes toprak» gurdy. Çärä gatnaşyjylar şu desgalaryň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan halkyň abadançylygyna gönükdirilen syýasatyň hakyky miwesidigini bellediler.
Kärhanalaryň enjamlaşdyrylyşy iň döwrebap tehnologiýalardan we iň öňdebaryjy öndürijilerden saýlanyp alyndy. Suw desgalarynyň ähli tehnologik prosesleri kompýuterleşdirilen bolup, hünärmenler «akylly» enjamlaryň işleýiş parametrlerini kesgitleýärler we olaryň bökdençsiz işini üpjün edýärler.
Bu gidrotehniki desgalarda ornaşdyrylan ýokary hilli laboratoriýa enjamlary, süzgüçler, gözegçilik-ölçeg enjamlary we beýleki tehniki serişdeler girýän suwy we lagym suwlaryny arassalap, dezinfeksiýa edip, zerur derejesine ýetirýär.