Nebitgaz toplumynyň arhiw işlerine usuly kömek bermek maksadynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwi bilen bilelikde guran maslahatyna degişli toplumyň arhiwleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda ylmy-usuly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň pudaklaýyn arhiwler bölüminiň müdiri Azymmuhammet Ataýew, baş hünärmeni Anna Şabalina, uly ylmy işgäri Jennet Annaçaryýewa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň arhiw müdiri Laçyn Ýarmämmedowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň arhiwiniň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Oguljemal Gylyçdurdyýewa dagy çykyş etdi.
Çykyşlarda «Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, guramalarynda, jemgyýetçilik birleşmelerinde iş dolandyryşy guramak we alyp barmak boýunça düzgünnama» girizilen täze üýtgeşmeler bilen tanyşdyryldy, şeýle-de arhiw işleriniň dogry guralyşy, resminamalary doldurmagyň düzgünleri barada Merkezi döwlet arhiwiniň işgärleri bilen sorag-jogap we pikir alşyldy.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti