20-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi we barha okgunly häsiýete eýe bolýandygy nygtaldy. Ýokary derejede yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklaryň we özara saparlaryň netijesinde uzak bolmadyk döwrüň dowamynda iki ýurt hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykdylar.
Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministriň orunbasary we Özbegistan Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi