Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabara geçirildi
13.12.2024

12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy möhüm ähmiýetli taryhy wakadyr. Ol ýurdumyzyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna, ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Şu günki dabara hem milli we halkara ähmiýete eýe bolup, sebitde, bütin dünýäde parahatçylyk medeniýetini ilerletmegiň wajyp şerti hökmünde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk döwletimiziň halkara gatnaşyklarda we daşary syýasatda ugur alýan esasy ýörelgeleridir. Geçen taryhy döwür Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän teklipleri dünýäde giň goldaw tapýar. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işi hem halkara bileleşigiň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzy ykrar edýändiginiň aýdyň güwäsidir. Türkmenistan adamzat üçin medeni alyşmalaryň we dialogyň oňyn nusgasy bolan Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine hem möhüm ähmiýet berýär. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bolsa ýurtlaryň we halklaryň ýakynlaşmagynyň esasy şerti bolup çykyş edýän ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin amatly şertleri döredýär. Ýurdumyz baý taryhy mirasyna, milli ýörelgelerine daýanmak bilen, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, ählumumy derejede parahatçylygyň, durnukly ösüşiň binýadyny berkitmäge mynasyp goşant goşýar.

...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow konsertiň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk we ynanyşmak esasynda dialog medeniýetini ösdürmek boýunça alyp barýan yzygiderli tagallalarynda nobatdaky ädim boldy. 86 ýurduň awtordaşlygynda kabul edilen bu resminama BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine, dünýä ösüşiniň häzirki ýagdaýlaryny we meýillerini göz öňünde tutup, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni diplomatiýa parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň, belent maksatlaryň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanmasyny alamatlandyrýar. Hut şeýle ýörelgeler şu günki konsertiň mazmunynda hem-de onuň maksatnamasyna girizilen ajaýyp çykyşlarda öz beýanyny tapdy.

Paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde aýratyn baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Dabara Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem tomaşaçylaryň hatarynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar bar. Olaryň bu çärelere gatnaşmagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, hoşniýetli goňşuçylyk, halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklaýar.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti «Ýurt Bitarap, toýlar tutýar Arkadagly Serdarym» atly watançylyk mazmunly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. «Dokmaçylar» folklor toparynyň ýerine ýetiren çykyşy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan parahatçylyk dörediji döwletimiziň häzirki döwrüne buýsanjy artdyrdy. Türkmenistanyň Döwlet horunyň we folklor toparlarynyň birleşen ansamblynyň artistleri bilen bilelikde ýerine ýetirilen, Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusyna döredilen aýdym konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu aýdym her bir güni beýik ýeňişlere, zähmet üstünliklerine beslenýän Watanymyza buýsanjyň beýany bolup ýaňlandy.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatyny wasp edýän «Alkyş Size, Gahryman Arkadagly Serdarymyz!» atly aýdym hem ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Türkmenistanyň at gazanan artistiniň we sazandalaryň ýerine ýetirmeginde «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly çykyş konsertiň maksatnamasyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Onda biri-biriniň üstüni ýetirýän, milli äheňler bilen tapawutlanýan dürli sazlar ýaňlandy. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň «Türkmen binasy» atly goşgusyna döredilen aýdym ýerine ýetirildi. Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşajyk türkmenistanlylaryň — «Ruhubelent çagalar», «Şowhun» tans toparlarynyň çykyşlary dabara aýratyn bezeg berdi.

Konsert maksatnamasy belli artistleriň, ýaş estrada aýdymçylarynyň ýurtlara we yklymlara özboluşly syýahata alyp gidýän çykyşlaryndan ybarat boldy. Söýgi, dostluk, daşymyzy gurşap alýan dünýä barada azerbaýjan, iňlis, ermeni, hindi, gazak, gyrgyz, rus, täjik, türk we özbek dillerinde ýerine ýetirilen aýdymlar tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Çykyşlaryň şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanylmagy ýerine ýetirijileriň zehinine berlen ýokary bahanyň nyşany boldy. “Näzli”, “Meňli”, “Aşgabat” tans toparlarynyň, “Galkynyş”, “Serpaý» folklor toparlarynyň çykyşlary baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň tans toparynyň “Toý gününde” atly tanslar çemeni dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Tans toparlary dürli halklaryň milli lybaslarynda azerbaýjan, ermeni, owgan, hindi, gazak, gyrgyz, rus, türk we özbek tanslaryny ýerine ýetirip, sungatyň jebisleşdiriji güýjüni görkezýän köpöwüşginli kompozisiýany jemledi. Aýdym-sazly, tansly kompozisiýa dünýäniň şäherleriniň owadan ýerlerini we gözelliklerini, dürli halklaryň özboluşly däp-dessurlaryny, parahatçylykda, dostlukda ýaşamak ýaly bitewi arzuw-islegleri şöhlelendirýän wideoşekiller bilen utgaşdy.

Konsert maksatnamasy milli sungatymyzyň baý mümkinçiliklerini we onuň däpleriniň dowam etdirilýändigini görkezýän dürli žanrly we ilkinji gezek görkezilýän çykyşlar bilen tapawutlandy.

“Serpaý”, “Ahal öwüşginleri” birleşen folklor-tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Toý bu gün” atly kompozisiýa şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. “Miras” folklor toparynyň ýerine ýetiren, hemmeleriň ýüreklerinde orun alan “küştdepdi” tansy baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy. “Küştdepdi” tansy milletiň taryhy-medeni däpleriniň, ruhy tejribesiniň sazlaşygyny şöhlelendirýän halk döredijiliginiň özboluşly nusgasydyr. Şoňa görä-de, “Küştdepdi” aýdym we tans dessurynyň gadymylygy göz öňünde tutulyp, ol 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Hemmeler konsertiň joşgunly jemlenmesine öwrülen “Şöhrat Size, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!” atly watançylyk aýdymyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Bu çykyşda Garaşsyz, Bitarap Watanymyz, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirilýän işler belentden wasp edildi.

Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda ýaş nesliň wekilleri Watanymyzyň bagtyýar çagalarynyň röwşen geljegi barada yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimize hoşallygyň nyşany hökmünde gül desselerini berdiler. Döwlet Baştutanymyz hem körpelere öz ajaýyp sowgatlaryny gowşurdy.

Baýramçylyk konserti tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni bilen ýene-de bir gezek gutlap, bu ýerden ugrady.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi