11-nji dekabrda asylly däbe görä, şanly senäniň — Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Häzirki wagtda tutuş Diýarymyz boýunça giň gerimli gurluşyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi sebitleriň ösüşine täze depgin berýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy üçin mümkinçilikleri döredýär. Täze binalaryň daş-töweregi baýramçylyk görnüşinde bezelip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.
Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň açylyş dabarasy boldy. Jaýlaryň her birinde iki, üç we dört otagly, ýerleşdirilişi has gowulandyrylan 60 öý bolup, olar gurlanda ýokary hilli bezeg serişdeleri ulanyldy. Bu gün ýaşamak hem-de rahat dynç almak üçin ähli şertler döredilen, mebeller, döwrebap aşhana göz öňünde tutulan, amatly howa ýagdaýyny üpjün edýän ulgamlary bolan öýler gapylaryny giňden açdy. Abadanlaşdyrylan ýanaşyk çäklerde çagalar üçin oýun we sport meýdançalary gurlupdyr.
Ýaşaýjylar üçin amatly durmuş gurşawynyň döredilmegine bildirilýän ýokary talaplar täze binalaryň tapawutly aýratynlyklarydyr. Şeýlelikde, toplumlaýyn şähergurluşyk konsepsiýasy iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ol öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň oýlanyşykly peýdalanylmagyna, raýatlaryň doly derejeli dynç almaklary üçin aňrybaş şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.
***
71 gektar meýdany tutýan täze ýaşaýyş jaý toplumy ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Toplumyň düzümine jemi 1 müň 496 maşgala niýetlenen, ýerleşdirilişi has gowulandyrylan dört gatly öýleriň 70-si, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep, 240 orunlyk çagalar bagy, döwrebap saglyk we söwda merkezleri girýär.
Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz şäherinde-de soňky ýyllarda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giň gerime eýe boldy. Muňa soňky döwürde bu ýerde ulanmaga berlen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar hem şaýatlyk edýär. Gurluşyk işlerine ýerli hususy kompaniýalaryň giňden çekilmegi ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylmagyny şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi bilen, telekeçilik işi gurluşyk senagatynyň has netijeli ugurlarynyň birine öwrüldi.
Häzirki zaman bezeg serişdeleriniň ulanylmagy esasynda binagärlik taýdan döwrebap görnüşde bezelen giň öýlerde ähli zerur şertler döredilipdir. Merkezleşdirilen suw, gaz we energiýa üpjünçilik ulgamlary ornaşdyrylypdyr. Jaýlaryň ýanaşyk çäklerinde çagalar üçin oýun meýdançalary, dynç alyş ýerleri gurnalypdyr, agaç nahallary, güller ekilipdir.
Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen täze çagalar bagynda we mekdepde ýaşajyk raýatlaryň ruhy hem beden taýdan sazlaşykly ösmegi, olaryň daşary ýurt dillerini, kompýuter sowatlylygyny özleşdirmekleri üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde bina edilen iki gatly saglyk merkezi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny alamatlandyrýar. Bu merkez täze toplumyň ýaşaýjylaryna bejeriş we keseli anyklaýyş häsiýetli lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürlemäge, lukmançylyk kömeginiň ýokary hil derejesini üpjün etmäge ukyplydyr. Dürli görnüşli harytlary satmak üçin talabalaýyk derejede enjamlaşdyrylan söwda merkezi toplumyň binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşýar.
Daşoguz şäherinde “KamAZ” okuw-hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy hem geçirildi. Merkezde awtoulaglary abatlamak we olara hyzmat etmek işleri ýerine ýetiriler.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistana şeýle kysymly dürli ulag tehnikalarynyň müňlerçesiniň getirilendigini bellemek gerek. “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri bu kysymly awtoulaglaryň nusgalaryny hem-de olaryň ulanylyş häsiýetnamalaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Häzirki döwrüň ýokary talaplary esasynda öndürilýän awtoulaglaryň köp ýyllaryň dowamynda ulanylmagy olaryň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýändigini görkezdi.
Okuw-hyzmat merkeziniň düzümine edara binasy, ammar jaýy we abatlaýyş bölümi girýär. Bu ýerde awtoduralga-da göz öňünde tutulypdyr. Toplumyň çäginiň uly bölegi ätiýaçlyk şaýlary saklamak üçin ammar jaýyna berlipdir. Ätiýaçlyk şaýlar bilen bökdençsiz üpjün edilmegi abatlaýyş işlerini gysga möhletde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.
Dabaranyň çäginde ýerli gurluşyk kärhanalarynyň has tapawutlanan işgärlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň welaýatlarynyň toplumlaýyn ösdürilmegi, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak ugrundaky ýadawsyz aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, berkarar döwletimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.