Düýn paýtagtymyzda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan foruma ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary, halkara, sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň ugurdaş düzümleriniň, ÝB-niň, TDG-niň wekilleri, halkara gatnaşyklar, howpsuzlyk ulgamy boýunça iş alyp barýan bilermenler, ýaşlar, raýat jemgyýetiniň, ylmy-barlag merkezleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän netijeli daşary syýasy ugruna berk eýermegini dowam etdirýär. Watanymyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň geljege gönükdirilen dogry we öňdengörüjilikli ädim bolandygyny bellemek gerek.
«Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahatyň ýokary derejeli mejlisiniň açylyş dabarasy paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi.
Myhmanhananyň eýwanynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalar bilen bilelikde guralan sergi ýaýbaňlandyryldy.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwer däplerine we parasatly durmuş filosofiýasyna esaslanýan Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-niň Tertipnamasynyň esasyny düzýän umumadamzat gymmatlyklaryna hem doly laýyk gelýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi döwrüň möhüm meselelerini çözmekde döwletleriň we halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy höweslendirmäge oňyn täsir edýän şert hökmünde çykyş edýär. Şeýle hem ol köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk esasynda BMG-niň wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.
Bellenilişi ýaly, şu gezekki maslahatyň möhüm seneleri öz içine alýan geljek ýylyň öňüsyrasynda geçirilýändigi aýratyn ähmiýete eýedir. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bar.
Forumyň ady hem häzirki zaman şertlerinde bilelikdäki işjeň hyzmatdaşlygyň uly ähmiýete eýediginiň görkezijisi bolup durýar. Munuň özi ählumumy ösüşiň meýillerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki köp sanly möhüm başlangyçlaryň we teklipleriň öňbaşçysy hökmünde olary hemişe dünýä bileleşiginiň bähbitleri bilen sazlaşdyrmaga ymtylýandygy nygtaldy. Bilelikde ulgamlaýyn iş alyp barmak, tagallalary birleşdirmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy aýratynlygydyr. Birleşen Milletler Guramasy we onuň Tertipnamasy hem şeýle birleşdiriji güýje eýedir. BMG bilen strategik hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Munuň özi şu ýylyň iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen Aşgabatda geçiren duşuşygynyň dowamynda ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli başlangyçlarynyň syýasy-hukuk, mazmun taýdan binýadyny emele getirýän Bitaraplygyň ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň bardygy, onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň bütin adamzadyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etjekdigi bellenildi.
Ýokary derejeli mejlisde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat boýunça Ýörite wekili Abdulaziz Kamilow, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa German, BMG-niň Baş sekretarynyň kanunyň hökmürowanlygy we howpsuzlyk edaralary boýunça kömekçisi Aleksandr Zuýew, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri Hakala çykyş etdiler. BMG-niň Baş sekretarynyň ählumumy kommunikasiýalar boýunça orunbasary Melissa Fleming we Birleşen Milletler Guramasynyň 8-nji Baş sekretary, Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň ýolbaşçysy Pan Gi Mun foruma gatnaşyjylara wideoýüzlenmelerini iberdi.
Çykyşlarda Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasy ugruna we halkara giňişlikde parahatçylygy üpjün etmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berildi. Şu gezekki maslahatyň esasy wezipeleri Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda bellenilen belent maksatlara laýyk gelýär. Ýurdumyz BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde özüni görkezmek bilen, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy berkitmek, häzirki döwrüň howplaryna, wehimlerine garşy durmak boýunça bilelikdäki tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine möhüm orun degişlidir.
Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça öňe sürýän netijeli teklipleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolup, möhüm resminamalarda öz beýanyny tapýar. Şolaryň hatarynda şu ýylyň 21-nji martynda Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, geljek ýylyň çäklerinde çäreleriň birnäçesi geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, degişli guramaçylyk komiteti döredildi. Şeýle hem şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürmegi Türkmenistanyň häzirki döwürde tutuş adamzady tolgundyrýan wezipeleri çözmekde tagallalaryň birleşdirilmegine jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň belent münberinden çykyş edip, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bir-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini pugta goraýandygyny, bu ugurlaryň hiç biriniň ikinji derejeli ýa-da möhüm däl bolup bilmejekdigini aýtdy. Muny bolsa diňe bilelikde we Birleşen Milletler Guramasynyň aýgytly orny bolanda gazanyp bolar. Şunuň bilen birlikde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin dürli ugurlarda — söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýalar, daşky gurşaw, durmuş, medeni-ynsanperwer ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mümkinçilikleri örän uludyr. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem-de durnukly ösüşiň özara berk baglanyşyklydygy nygtaldy.
Köptaraplaýyn diplomatiýanyň, şol sanda sport diplomatiýasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem buýsançly wakadyr.
Soňra forumyň işi «Durnukly ösüş — parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady», «Halklaryň arasynda özara ynanyşmak we halkara guramalaryň orny», «Ynanyşmagy berkitmekde döwrebap çemeleşmeler» atly mowzuklaýyn mejlisleriň üçüsinde dowam etdi. Olara ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň döwlet, işewür düzümleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, beýleki halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Mowzuklaýyn mejlisler «Ýyldyz» myhmanhanasynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda we Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirildi. Olarda durnukly ösüşi üpjün etmäge, döwletlerdir halklaryň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dialog we parahatçylyk medeniýetini kemala getirmäge, möhüm ykdysady, ynsanperwer, ekologik meseleleri çözmäge, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin öňdebaryjy tejribeleri, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar bu möhüm çäräni geçirmekde berlen goldaw hem-de bilelikde netijeli iş alyp barmak babatda amatly şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilen şu gezekki forumyň parahatçylyk gün tertibini ilerletmek ugrunda tagallalaryň birleşdirilmegine möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirildi.
Maslahatyň netijeleri Jemleýji resminamada öz beýanyny tapdy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasaty dürli ugurlar boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.