GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
"Türkmennebit" döwlet konserniniň önümleri Türkmenistanda birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýerlenildi
21.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 20-nji fewralda geçirilen birža söwdalarynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlenildi.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri "Türkmennebit" döwlet konserninden “SN-600”, “SN-180” kysymly başlangyç ýaglaryny satyn aldylar.

Daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri "Türkmennebit" döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem birža söwdalarynda daşarky bazarda nah ýüplük, karbamid we dokma önümleri ýerlenildi.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 11 325 000,00 manada we 2 068 577,28 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.