“Türkmennebit” döwlet konsernine zerur bolan tehnikalary we enjamlary satyn almaga ygtyýar berildi.
Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çekdi.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.







