GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
21.02.2026

20-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda milli hem-de halkara tejribeler öwrenilip, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak bilen baglanyşykly hem-de başga-da hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Mejlisiň agzalary Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren iş duşuşyklaryna gatnaşdylar. Mundan başga-da, milli parlamentiň wekili BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan geçirilen okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Türküstan şäherinde iş saparynda boldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, milli kanunçylygymyzy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra gözegçilik edýän düzümlerinde öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk baradaky hasabatlar bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary çykyş etdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler we Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, wise-premýerlere degişli tabşyryklary berdi we hödürlenilen teklipleri makullap, Kararlara gol çekdi.