GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
"Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda daşarky bazarda ýokary islege eýe boldy
20.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 19-njy fewralda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda türkmen işewürleri "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 25 625 000,00 manada we 384 600,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.