10-njy dekabrda Nebit-gaz toplumynyň merkezi binasynyda Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300-ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pragynyň döredijiligini öwrenmekde, aýap saklamakda we wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Nebit-gaz toplumynyň işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen "Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy" atly ýubileý medallarynyň we ýadygärlik sowgatlarynyň sylaglanyş dabarasy geçirildi.
Döwlet sylaglarynyň eýeleri dabarada çykyş edip, öz işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhy döwrüniň beýik maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli güýç-gayratlaryny, başarnyklaryny we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Dabaraly çäre “Türkmengaz” Döwlet konserniniň medeni-işewürlik merkeziniň sahna ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykow, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Ýegenmyrat Ýegenow, aýdymçy Meýlis Halbaýew Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini wasp edýän aýdymlary bilen baýramçylyk dabarasyna ýatdan çykmajak öwüşgin çaýdylar.