Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Ýaşulular geňeşiniň agzalaryny sylaglamak dabarasy geçirildi
11.12.2024

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalaryny sylaglamak dabarasy boldy. Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, eden işi nusgalyk parasatly gojalarymyzyň, enelerimiziň halkymyzyň buýsanjydygyny belläp, ýaşlara görelde bolýan ýaşulularymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmekde mynasyp goşant goşýandyklaryna ünsi çekdi.

Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň terbiýeçilik, wagyz-nesihat, ösüp gelýän ýaş nesilleri goldamak barada ýerlerde alyp barýan işleriniň, oba zähmetkeşleri bilen geçirýän çäreleriniň agzybirligimizi pugtalandyrmaga, milli bitewüligimizi berkitmäge, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge ýardam berýändigini belläp, Milli Liderimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşululary Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalaryna bu ýokary sylag dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde jemgyýetimiziň öňünde asylly hyzmatlary bitirenler döwlet derejesinde sarpalanylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň berkidilmegine gönükdirilýändigini alamatlandyrýar. Ýokary döwlet sylaglaryny aýratyn buýsanç duýgusy bilen kabul eden hormatly ýaşulular Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýubileý medaly we ýadygärlik nyşan bilen sylaglanyldy.

Lebap welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly E.Talipow özlerine bildirilen uly hormat üçin ähli ildeşlerimiziň we dabara gatnaşýan ýaşulularyň adyndan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdi. Şeýle hem ol halk arasynda watansöýüjilik, arassa ahlaklylyk ýaly ynsanperwer ýörelgeleri wagyz etmek, ýaşlaryň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda yzygiderli tagalla etjekdiklerine ynandyrdy.

Milli Liderimiz hormatly ýaşululary ýene-de bir gezek Halkara Bitaraplyk güni hem-de mynasyp bolan sylaglary bilen gutlady hem-de olara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi