Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi
11.12.2024

Düýn Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine, welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy.

Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, häzirki döwürde ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň dünýä nusgalyk işleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini belledi. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän we halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeleri 2024-nji ýylyň üstünlikli jemlenmegi we Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly döwletimiziň hem-de halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly wakalara beslendi. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi üstünlikli geçdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow häzirki döwürde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri, bu babatda öňde durýan wezipeler, olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary hakynda aýdyp, welaýatlaryň hormatly ýaşulularynyň ilat arasynda geçirýän wagyz-nesihatlary, baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ýaşuly nesilleri jemgyýetiň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly wakalara işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Arkadagymyz Halk Maslahatynyň gün tertibindäki wezipeleri, döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka ýetirmekde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini ilerletmekde, ýaşlary milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň uly goldaw berýändiklerini belledi.

Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi. Ilki bilen, Aşgabat şäheriniň wekili O.Hojatow çykyş etdi.

Nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Bu işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk beýan edildi. O.Hojatow pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň çapdan çykmagy, Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra Ahal welaýatyndan G.Aýlyýew çykyş edip, welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry işe girizildi. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ýaşaýjylary üçin 200 sany ýolagçy awtobusyny sowgat berdi. Gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Ahal welaýatyndan wekil Gahryman Arkadagymyzy “Hakyda göwheri” atly kitabynyň çapdan çykmagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilen “Bitewi suw” sammitinde öňe süren teklipleriniň möhüm ähmiýetini belledi.

Balkan welaýatyna wekilçilik edýän Ý.Atamyradow welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Arkadagymyzy “Hakyda göwheri” atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy, Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, gallaçy daýhanlaryň armasyny ýetirmegi, sebitiň ýaşaýjylaryna ýolagçy awtobuslarynyň 200-sini sowgat bermegi, Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beýleki möhüm desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgäniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr diýip, Ý.Atamyradow belledi. Pursatdan peýdalanyp, ol Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra Lebap welaýatyna wekilçilik edýän E.Talipow çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, şu ýylda ýurdumyzda uly işler amala aşyryldy. Birnäçe möhüm taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Lebap sement zawodyny hem-de beýleki desgalary görkezmek bolar. Pursatdan peýdalanyp, E.Talipow Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işlerini halkymyzyň arasynda wagyz etmekde yhlasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Daşoguz welaýatyndan T.Kurbanmetow Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň halkymyz baradaky aladasy üçin welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýüzlerçe çaganyň saglygyny dikeltmäge ägirt uly goşant goşýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň sahawatynyň aýdyň nyşanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatda 1 müň 500 hojalyga niýetlenen şäherçäniň gurulmagy asylly işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. T.Kurbanmetow sözüniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Soňra Mary welaýatyndan wekil A.Çaryýew Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleriniň dünýä nusgalyk bolup, halkymyzyň her bir gününiň toý-baýramlara beslenýändigini belledi.

Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi bilen, Mary welaýatynda hem dürli maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi ulanylyşa girizildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Mary welaýatyndan bolan çagalaryň hem saglygyny dikeltmäge ýardam edildi. Munuň üçin welaýatyň ýaşaýjylary Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan edýärler.

Milli Liderimiz many-mazmunly çykyşlary üçin hormatly ýaşululara minnetdarlyk bildirip, türkmenleriň ula hormat goýmagy başarýan halkdygyny, taryhy müňýyllyklara uzaýan bu sylag-sarpanyň halkymyzyň ruhy gymmatlyklara uly sarpa goýýandygyny görkezýändigini aýtdy. Bu gymmatlyklar ýaş nesillere ýetirilýär. Ony mundan beýläk-de üstünlikli alyp barmakda Ýaşulular geňeşiniň orny uludyr.

Gahryman Arkadagymyz ynsanperwerligiň geňeşiň çäginde alnyp barylýan işleriň ileri tutulýan ugrudygy, türki dilli halklaryň diliniň, medeni hem-de taryhy kökleriniň umumylygy bilen tapawutlanýandygy barada “Hakyda göwheri” atly täze kitabynda belländigini aýtdy. Biz halklarymyzyň ganyna we süňňüne siňen aslymyzdan, maşgala gymmatlyklaryna wepalylykdan, ata-enelerimizi, ýaşululary hormatlamakdan hiç haçan ýüz öwürmeýäris, däp-dessurlarymyza hormat goýmakdan, watançylygymyzdan el çekmeýäris diýip, alym Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Türkmen milletine mahsus bolan milli häsiýetleriň iň gowularynyň biri ýaşululary arzylamakdygyny, olaryň öwüt-ündewini, berýän maslahatlaryny diňlemekdigini nygtap, Milli Liderimiz “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda her ýylda ýurdumyzda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, belli bir karara gelmek däbiniň demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň mysalydygyny belländigine ünsi çekdi.

Ýaşuly nesilleri sylamak, eliňden gelse zyýapat etmek, hiç bolmanda, ýagşy söz bilen göwnüni götermek belent adamkärçilikden nyşandyr. Häzirki wagtda ýaşulularyň baý durmuş tejribesi ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, milli däp-dessurlary berjaý etmek, agzybirligi, asudalygy berkitmek meseleleriniň ähmiýetine ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz bu asylly kadalaryň dowamat-dowam bolmagynyň türkmen halkynyň asyrlary nazarlaýan ýoluna ýagtylyk çaýýandygyny, ilimize rysgal-bereket bagyşlaýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, Milli Liderimiz hemmelere ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, ýaşlary watansöýüji, arassa ahlakly nesiller edip ýetişdirmekde alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi