2024-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça geçirilen bäsleşik uly üstünliklere beslendi. Ýurdumyzyň Arkadag we Aşgabat şäherinden hem-de ähli welaýatlaryndan gelen zehinli mekdep okuwçylarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, bilim işini amala aşyraýan döwlete dahylsyz bilim edaralarynyň diňleýjileriniň hem-de ýaş hünärmenleriň 200-den gowragyny bir ýere jemlän bilim we zehin çäresiniň çäginde robot tehnikasynyň dört görnüşi, ýagny Sumo robot, Labirint, Line follower robot hem-de Toparlaýyn taslama görnüşleri boýunça bäsleşik bilen bir hatarda, robot tehnikasy, programmirleme boýunça iş alyp barýan bilim edaralarynyň we merkezleriniň sergisi hem guraldy. Şeýle hem, bilim çäresiniň başynda ANYmaIX Robotynyň çykyşy çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Çäräniň açylyş dabarasynda Bilim ministrliginiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de "Petronas Çarigali Türkmenistan" kompaniýasynyň wekilleri çykyş edip, ýurdumyzda alnyp barylýan ylym-bilim özgertmeler, ýetilen sepgitler, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin döredilen şertler barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli çärä gatnaşyjylaryň adyndan alkyşly sözlerini beýan etdiler. Şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň talyplaryndan düzülen aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary bilim çäresine baýramçylyk howasyny çaýdy.
Bäsleşigiň geçirilişi uly ekranda göni ýaýlymda berilmegi, her görnüş boýunça gatnaşyjylaryň netijeleriniň hem degişli ekranlarda göni ýaýlymda görkezilmegi çärä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň bäsleşigi ähli tarapdan synlamaklaryna we baha bermeklerine uly mümkinçilik döretdi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine uniwersitet tarapyndan şahadatnamalar hem-de ýeňijilere Bilim ministrligi tarapyndan Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň gatnaşyjylarynyň arasynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň çet etraplarynyň mekdep okuwçylarynyň köp bolmagy ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaşlaryň robot tehnologiýasyna uly ünsüň bardygyny görkezdi.