Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Nebitgaz toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
07.12.2024

6-njy dekabrda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi dolandyryş binasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä degişli pudagyň ýolbaşçylary we hormatly myhmanlar gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler kitabyň many-mazmuny, onda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlar hakynda aýdyp geçdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu kitapda türkmen halkynyň şöhratly taryhy we medeni mirasy giňişleýin beýan edilýär. Kitap iki bapdan ybarat bolup, birinji bap "Taryha syýahat" adyny göterýär we taryhy-medeni ýadygärlikler hakynda maglumatlary öz içine alýar. Ikinji bap "Ruhy miras" diýlip atlandyrylýar we türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklary barada gürrüň berýär. Tanyşdyrylyş dabarasy Arkadag şäherinde geçirilen täze kitap türkmen we iňlis dillerinde neşir edildi. Soňra dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edip, özleriniň alkyş sözlerini beýan etdiler.

Çäre medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-saza beslenen joşgunly çykyşlary bilen dowam etdi. Aýdymdyr sazlarda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň gülläp ösüşi wasp edildi.