Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Täze elektrik beketleri açylyp, ulanylmaga berildi
04.11.2024

Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramynyň giňden bellenilýän gününde Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda täze elektrik bekediniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat we etrap häkimlikleriniň, elektroenergetika pudagynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ygtybarly energetika ulgamyny döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň belli önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen, güýjenmesi 220 kilowat «Etrek» elektrik bekediniň gurlup ulanmaga berilmegi hem munuň nobatdaky güwäsidir. Bu elektrik bekediniň gurluşygynda ekologik talaplaryň berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berildi. Energetika toplumynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan ekologiýa, daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli, ylmy esasda çemeleşýändigini görkezýär. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalarynda degişli ugurdaky talaplara doly laýyk gelýän serişde tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary işjeň ornaşdyrmak baş wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir.

Dabaradaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, elektroenergetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Energetika ministrligi tarapyndan wajyp taslamalar amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda pudakda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga şert döredýän ygtybarly energetika kuwwatlyklary döredildi. Bu bolsa türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberini artdyrmaga hem mümkinçilik berýär.

Dabara gatnaşyjylar elektroenergetika pudagyny ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Açylyş dabarasynyň dowamynda täze desganyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

***

Şu gün Aşgabat şäherinde güýjenmesi 110 kilowat bolan «Bagyr» elektrik bekedi açylyp ulanmaga berildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmek we mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, onuň öndürijilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi