1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ählumumy metan borçnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy gün tertibinde durýan meseleler babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şoňa görä, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dünýä bileleşigi bilen özara hyzmatdaşlyk baradaky başlangyja aýratyn üns çekildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şundan ugur alnyp, 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatlaryny ýene-de bir gezek tassyklamaga, dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky umumy tagallalaryna goşant goşmaga gönükdirilendir. «Ýol kartasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dürli halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariaty, degişli ýöriteleşdirilen edaralary, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, beýleki halkara düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň çäginde döredilen “MARS” atly sanly platformanyň işine işjeň gatnaşmaga hem uly ähmiýet berýär. «Ýol kartasyny» iş ýüzünde amala aşyrmak üçin metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça 2025-2026-njy ýyllarda çäreler toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, dürli halkara guramalar bilen bilelikde ylmy-amaly maslahatlary, «tegelek stol» duşuşyklaryny, okuw sapaklaryny we beýleki çäreleri geçirmek, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, innowasion we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ugurdaş gazy gaýtadan işlemek hem-de ulanmak boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde metan zyňyndylaryny azaltmak babatda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler barada maglumatlary ýaýratmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýokarda agzalan «Ýol kartasynyň» we ony durmuşa geçirmek üçin göz öňünde tutulan çäreler toplumynyň taslamalary hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara derejede öňde goýlan wezipeleri berjaý etmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geljekde hem metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatda ählumumy çärelere goşýan goşandyny artdyrjakdygyny, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.