Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, konserniň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 4 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmagyň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurulýandygyny belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.