USAID-iň Aziýa buýrosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi Änjali Kaur (DAA) Merkezi Aziýa boýunça sebit saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Kaur we ilçi Rud, Türkmenistanyň hökümetiniň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, "Türkmengaz" we "Türkmennebit" döwlet konsernleriniň esasy wekilleri bilen duşuşdy. Bu sapar, USAID Türkmenistanyň durnukly ösüşini we netijeli dolandyryşyny öňe sürmäge taýýardygyny görkezýär.
USAID-iň Aziýa buýrosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi Kaur öz duşuşyklarynda ykdysady diwersifikasiýa, daşky gurşawy goramak we gatnaşmak arkaly dolandyryş bilen baglanyşykly möhüm başlangyçlary maslahatlaşdy. Bu, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we sebitdäki serhetara söwdany ýeňilleşdirmek ýaly möhüm sebitleýin başlangyçlary öz içine alýar.
COP 28-de (28-nji Taraplaryň Maslahaty) Türkmenistan Global Metan Ähtnamasyna goşulmak bilen, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekdäki borçnamasyny aýdyň görkezdi. USAID metan zyňyndylaryny we uglerody azaltmakda Türkmenistan bilen işleşýär.
Şeýle hem, USAID türkmen ykdysadyýetini sanlylaşdyrmakda Döwlet statistika komiteti bilen bilelikde statistik hasabatlaryň sanly görnüşde tabşyrylmagyny goldaýar. USAID Türkmen gümrük işgärlerine Harytlaryň Halkara Utgaşdyrylan Düşündiriş we Kodirleme ulgamy arkaly harytlary klassifikasiýalaşdyrmak boýunça bilelikdäki okuwy goldady.
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda Kaur, USAID we Türkmenistanyň Hökümeti bilen eksporty köpugurlylaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek hem-de Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak ugrunda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.
Çeşme: orient.tm