29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa pudagynyň, ýeňil senagaty önümleri we gurluşyk materiallary satyn alyndy.
BAE-niň telekeçileri nah ýüplükleri satyn almak barada türkmen işewürleri bilen geleşik baglaşdylar. Owganystanyň işewür toparynyň wekilleri “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak üçin “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden olar float aýnasyny satyn aldylar. Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 8 894 000 manada we 193 480 amerikan dollara barabar bolan 5 geleşik baglaşyldy.