29-njy oktýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar.
Taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň gidişini seljerdiler we ýakyn wagtda geçiriljek tematiki çärelere taýýarlyk barada pikir alyşdylar.