26-njy oktýabrda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyň ýapon dilindäki neşriniň tanyşdyrylyş dabarasyny gurady.
Çärä Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Medeniýet we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk bölüminiň müdiriniň orunbasary Sakamoto Hideki, Ýaponiýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Bilim, medeniýet, sport we tehnologiýa ministrlikleriniň, Ýaponiýanyň merkezi döwlet-jemgyýetçilik teleradiokompaniýasynyň we ýapon jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitabynda adamzadyň, dünýäniň, tebigatyň we durmuşyň ähmiýeti baradaky pikirleriň jemlenendigini hem-de ýaş nesle gymmatly öwüt-ündewleriň beýan edilendigini bellediler.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»