Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly 25-nji oktýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsi we sebitdäki hemme ýurtlar bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň bu daşary syýasy üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.