Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. 25-nji oktýabrda geçirilen mejlisde döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, pudaklaýyn desgalaryň infrastrukturasyny kämilleşdirmek, geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet konsernini ýöriteleşdirilen tehnikalar, hususan-da, nebitgaz guýularyny burawlamakda, özleşdirmekde we düýpli abatlamakda ulanylýan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirip durmagyň zerurdygyny belledi hem-de ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.