«Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramaçylyk etmeginde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly 29-njy halkara maslahaty we sergisi tamamlandy. 23-25-nji oktýabr aralygynda dowam eden halkara foruma Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, şeýle hem iň iri halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň dowamynda energiýanyň geljegi, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda maýa goýum mümkinçilikleri, «ýaşyl» energetika, uglewodorod ýataklaryny işläp taýýarlamagyň ekologiýa jähtleri, tehnologiki innowasiýalar we energetika üstünlikli geçişinde adam maýasynyň ähmiýeti ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahat bilen paralel dowam eden OGT sergisi, içerki we daşarky nebit-gaz pudaklaryndan iň gowy harytlary hödürledi we bu pudagyň işi, gazananlary, daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribesi, döwletimiziň energiýa pudagyndaky ýeten sepgitleri bilen ýakyndan tanyşmaga şert döretdi.
Halkara Maslahat we sergi kämil energetika tehnologiýalarynyň ösmegine itergi berip, gatnaşyjylaryň arasynda tejribe alyşmaga giň şertler döretdi. OGT-2024 forumy ýurdumyzyň energiýa pudagynda iň täze gazananlaryny özleşdirmek üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Halkara çäräde dünýäniň abraýly kompaniýalarynyň, dürli döwletleriň nebit-gaz pudagynyň wekilleriniň çykyşlary, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlary gurnaldy. Çykyşlarda birnäçe teklipler öňe sürüldi we olar boýunça netijeli çözgütler kabul edildi.