Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Russiýanyň kompaniýasy Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy üçin täze tehnologiýa hödürlär
25.10.2024

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň Nebiti we Gazy — 2024» atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşýan Russiýanyň «STN» kompaniýasy çäräniň ýokary derejede gurnalandygyny hem-de nebit-gaz pudagyndaky öňdebaryjy kompaniýalar bilen tejribe alyşmak mümkinçiliginiň bardygyny belledi. 

«Her ýyl sergi we forum has gyzykly we baý manyly bolýar. Bu ýerde iň ösen we öňdebaryjy kompaniýalar gatnaşýar, olar bilen tejribe alyşmak we öz üstünliklerimiz hakynda gürrüň bermek mümkinciligi bar. Döwlet konsernleri hemişe bu çärä gatnaşýarlar we bu bolsa, öz gezeginde möhüm duşuşyklary geçirmek hem-de täze hyzmatdaşlygyň meýilnamasyny ýola goýmak mümkinçiligine eýe bolmak uly hormatdyr, buýsançdyr» diýip, PÝÇ «Transneft» zawodlarynda öndürilýän önümleri Türkmenistanyň çäginde wekilçilik etmek hem-de satmak boýunça resmi ygtyýarly wekili bolan «STN» kompaniýasynyň wekili Lýubow Iwlewa belledi. 

Iwlewa şeýle hem häzirki wagtda nebit-gaz pudagynyň ösüşi çaltlaşdyrýan, çykdajylary we daşky gurşawa zyýanly täsirini azaltýan täze täsirli usullaryň gerekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda kompaniýa turbageçiriji ulgamlary gözegçilikde saklamak boýunça özboluşly usuly hödürleýär. 

«Biziň usulymyz ulanmaga ýönekeý, emma turbageçirijiniň bitewüligini gözegçilikde saklamaga we kemçilikleri wagtynda ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Forumyň we serginiň çäklerinde bu tehnologiýa bilen paýlaşyp, onuň artykmaçlyklary we peýdalary barada gürrüň bereris diýip umyt edýäris. Ol Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda üstünlikli ulanylar diýip umyt bildirýäris» diýip, kompaniýanyň wekili jemledi.