Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Sona Kerimowa: Meşhur daşary ýurt kompaniýalary Türkmenistan döwletimiz bilen nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge uly isleg bildirýär
25.10.2024

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly 29-njy halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen bir hatarda "Türkmennebit" döwlet konserniniň önümleri giňden sergilendi.

"Türkmennebit" döwlet konserniniň Nebiti gaýtadan işlemek müdirliginiň hünärmeni Sona Kerimowanyň belleýşi ýaly, "Türkmennebit" döwlet konserni diňe bir nebit ýataklaryny gözlemek, olary özleşdirmek bilen çäklenän, eýsem, nebiti gaýtadan işläp, halkara derejesinde uly isleg bildirilýän önümleri öndürýär.

Häzirki wagtda konserniň garamagynda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumlary içerki sarp edijiler we daşarky isleg bildirijiler üçin awtobenzinleri, dizel we gämi yangyjyny kerosinleri, polipropilen önümlerini öndürýändigini we şu günki halkara sergide hem bu önümler daşary ýurtly wekilleriň ünsüni özüne çekýändigini hünärmen Sona Kerimowa belläp geçdi.

Meşhur daşary ýurt kompaniýalary Türkmenistan döwletimiz bilen nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge uly isleg bildirýär. "OGT 2024" halkara forumy dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalaryny bir ýere jemläp, olaryň Türkmenistan bilen aragatnaşygyny has pugtalandyrmagyna itergi berýär.