"Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024" atly halkara maslahaty we sergisi ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ösüşlerini dünýä ýaýmak, pudaga halkara maýa goýumlaryny çekmek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýol goýmak üçin möhüm forum bolup durýar.
"Türkmennebit" döwlet konserniniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň Halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünärmeni Gülälek Ýüzbaşyýewanyň aýdyşy ýaly, halkara forumyň hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagy bilen açylmagy, halkara maslahata we sergä gatnaşyjylarda aýratyn guwanç duýgusyny döretdi. Bu günki halkara maslahatynda nebitgaz pudagynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, daşary ýurtly kompaniýalar bilen gatnaşyklary, eksport we import mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly işler maslahatlaşyldy.
Gülälek Ýüzbaşyýewa Halkara forumyň çäklerinde guralan sergide dünýäniň iri daşary ýurt kompaniýalarynyň önümleriniň, şeýle hem "Türkmennebit" döwlet konserniniň önümleriň giňden sergilendigini, munuň bolsa ýurdumyzyň nebitgaz pudagyndaky ýokary derejeli işlerini tanatmaga mümkinçilik berýändigini belledi.
"OGT 2024" halkara forumy oňa gatnaşyjy daşary ýurt wekilleri bilen nebitgaz pudagymyzyň hünärmenleriniň tejribe alyşmagyna, täze maksatnamalaryň ýola goýulmagyna uly ýol açýar.