Swerdlowsk oblastynyň Kanunçylyk Mejlisiniň deputaty Stanislaw Blohin, Aşgabat şäheriniň myhmansöýerliginden täsirlenip, bu sebite maýa goýum mümkinçiligine ynanýandygyny belledi.
«Aşgabat şäheriniň myhmansöýerligi we çäreleriň ýokary derejede guralandygy meni gaty haýran galdyrdy. Aşgabada gelip, işleýän belli bir kompaniýalaryň üstünlikli netije görkezýändigini görmek bolýar. Biz ýene-de bu ýere gaýdyp geljekdigimize ynanýaryn. Aşgabat myhmansöýerligi bilen haýran galdyrýar. Men eýýäm, bäşinji gezek bu yerde bolýaryn, şonuň üçin hemişe mähir we ýylylyk bilen gelýärin» diýip, deputat öz duýgularyny paýlaşdy.
Deputat serginiň ýokary derejede guralandygyny belläp, onuň kompaniýasynyň Türkmenistanda rezonans-tolkunly işläp taýýarlama tehnologiýasy arkaly pes önümçilikli guýulara maýa goýmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
«Biziň esasy maksadymyz – rezonans-tolkunly işläp taýýarlama tehnologiýasy arkaly pes önümçilikli guýulara maýa goýmak. Bu tehnologiýa örän dar ugurlydyr» diýip, deputat belledi.
Blohin Aşgabada saparynyň netijeli bolandygyny, wajyp bolan gatnaşyklary ýola goýandygyny we mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmäge meýillidigini aýtdy.