Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi halkara energetika ulgamyň ösmegine şert döredýär
24.10.2024

23-nji oktýabrdaSöwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Şu gezekki çäräniň maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, dünýäniň energetika ulgamyndaky soňky ýörelgelere göz aýlamakdan we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr. Ýöriteleşdirilen maslahat utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşýarlar.

Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, belli nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe edaralarynyň hünärmenleri, bu ugurda iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar.

Şu gezekki forum ýüzlerçe gatnaşyjyny, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň wekillerini bir ýere jemledi. Olaryň käbiri pikir alyşmalara sanly ulgam arkaly goşuldylar. Myhmanlar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge gönükdirilen täzeçillikler, dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy. Foruma gatnaşýan wekiliýetleriň düzüminiň ýyl-ýyldan barha giňelmegi dürli ýurtlaryň işewür toparlary tarapyndan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Olaryň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ymtylmalary ýurdumyzyň “Açyk gapylar” syýasaty, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary bilen şertlendirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Gutlagda her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam edýändigi bellenilýär. Halkara maslahat bilen ugurdaşlykda geçirilýän sergi ony synlamaga gelýänleriň ählisini innowasiýalar, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we täze taslamalar bilen içgin tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. “Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek bolsa öňde goýlan maksatlara ýetmäge möhüm şert döredýär” diýlip, Gutlagda nygtalýar. Her ýyl geçirilýän bu forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden tanyşdyrmak, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň, Ýewropa, Aziýa, Amerika yklymlarynyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary işe girizmek, dünýädäki ýagdaýlar hem-de pudagyň geljekki ösüş ugurlary bilen tanyşmak üçin oňyn meýdança bolup hyzmat edýär.

70-e golaý kompaniýa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň 40-dan gowragy daşary ýurtlardan, hususan-da, Belgiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistandan, Fransiýadan, Ýaponiýadan gatnaşýan kompaniýalardyr. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, ýangyç-energetika toplumynda işleýän onlarça pudaklaýyn kärhanalaryň, hususy telekeçileriň diwarlyklary serginiň esasy bölegini eýeledi. Bu ýerde myhmanlar uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamlaryny üpjün etmek, çuň burawlamak, ozalky hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, olaryň täzelerini gurmak, nebiti, gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatlaryň giň toplumy bilen tanyşdyrylýar.

Deňiz ýalpaklygynda uglewodorodlary gözlemek we kenarýaka düzümleri kemala getirmek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, kärhanalarda ekologik howpsuzlygy ýokarlandyrmak ulgamyna degişli geljegi uly işläp taýýarlamalara hem-de ekologiýa boýunça täzeçilliklere aýratyn orun berilýär. Nebitgaz pudagynda bolşy ýaly, metallurgiýa, himiýa, maşyngurluşyk, energetika, senagat pudaklaryna ýöriteleşen, ýokary tehnologik we tehniki kuwwata eýe bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri-de öz önümlerini tanyşdyrmak bilen, gatnaşyklarynyň gerimini ep-esli giňeltmäge, işewürlik hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik alarlar.

Sergi meýdançasynyň merkezinde ýerleşdirilen ekranda milli nebitgaz senagatynyň ösüşini beýan edýän wideoşekiller görkezilýär. Gatnaşyjylara innowasion-tehnologik enjamlaryň üsti bilen wirtual görnüşde tebigy serişdeleri gazyp almak, nebit guýusyny burawlamak we tebigy gaz ýataklaryny gözlemek işini ýerine ýetirýän operatoryň ornunda özüni goýup görmäge ajaýyp mümkinçilik döredildi.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat günüň ikinji ýarymynda öz işine başlady. Onda energetika bazarlarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlar we hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek, energetiki geçiş, innowasion tehnologiýalaryň hem-de adam maýasynyň eýeleýän orny, energetiki geçişde az uglerodly ýangyçdan peýdalanmak, metanyň, uglerodyň dioksidiniň zyňyndylaryny azaltmak, gazy ýer astynda saklamak we geotermal energiýa ýaly möhüm meselelere garaldy.

“Ählumumy energetika bazarynda täze depginler we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi” atly umumy mejlisde bellenilişi ýaly, şu gezekki maslahat energetika diplomatiýasynyň geljekki ösüşine, energetika söwdasynyň täze ugurlaryna, önümleriň bazar aýlanyşygynyň emele getirilmeginiň zerurlygyna baha bermäge, ileri tutulýan ugurlara gaýtadan seretmäge, energetika howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak meselelerini çözmäge oňyn şert döredýär.

Uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýangyç-energetika ulgamynda toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Ekologik şertlere, pudagyň gazyp alýan we gaýtadan işleýän kuwwatlyklaryny artdyrmaga, mawy ýangyjyň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýän öňdebaryjy tehnologiýalara we işläp taýýarlamalara daýanýan ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak şol strategiýanyň möhüm bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, halkara energetika hyzmatdaşlygy, şol sanda arassa energiýa geçmek milli bähbitleri, taraplaryň özara jogapkärçiligini nazarda tutmak ýörelgeleri esasynda açyklyk syýasatyny amala aşyrýan döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ýurdumyzyň wekilleri öz çykyşlarynda kesgitlenen wezipeleriň çözgüdiniň daşary ýurt kompaniýalary — nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat üçin enjamlary öndürijiler, maýa goýum guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny nygtadylar. Şeýle hem türkmen tarapynyň wekilleri bu ulgamda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça teklipleri beýan edip, ýurdumyzdaky amatly maýa goýum ýagdaýynyň, salgyt ýeňillikleriniň Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmäge maliýe serişdelerini çekmek üçin amatly şertleri döredýändigini bellediler.

Ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmakda, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde nebitgaz senagatyna uly ähmiýet berilýär. Halkara işlere başlangyçlar bilen gatnaşýan Türkmenistan öz ägirt uly mümkinçiliklerini ählumumy bähbitler üçin peýdalanmagy teklip edip, Durnukly ösüş maksatlary babatda garaýyşlaryny beýan edýär. Şunda Türkmenistanyň energiýa serişdelerini uly möçberde eksport edijileriň biri bolmak bilen, olary ibermegiň durnukly halkara ulgamlarynyň kemala getirilmegi ugrunda çykyş edýändigi aýdyldy.

Utgaşykly görnüşde geçirilen umumy mejlise BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Özbegistanyň energetika ministri Jurabek Mirzamahmudow, Gazagystanyň «KazMunaýGaz» milli kompaniýasy paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Ashat Hasenow, BAE-niň «ADNOC» kompaniýasynyň halkara işewürlik, gaz we suwuklandyrylan tebigy gaz boýunça uly wise-prezidenti Abdulla Al Şamsi, «CNPC» kompaniýasynyň wise-prezidenti Çžan Daoweý, «S&P Global Commodity Insights» kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Deniel Ýergin, «British Petroleum» kompaniýasynyň gözleg işini geçirmek we özleşdirmek boýunça ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ariel Flores we beýlekiler gatnaşdylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy, şeýle hem ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän döredijilikli çemeleşmeleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygyna üns çekildi.

Soňra maslahatyň işi mowzuklaýyn mejlisler görnüşinde dowam etdi. «Energetiki geçiş üçin çig mal harytlary: esasy meýiller we maýa goýum mümkinçilikleri» ady bilen geçirilen birinji mejlise «Baker Hughes», «Eni S.p.A.», «Dragon Oil», «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» we beýleki daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan soňky ýyllarda sebitiň öňdebaryjy energetika döwletine öwrüldi. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda halkara ähmiýetli taslamalaryň yzygiderli işe girizilmegi muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilip, abraýly halkara maliýe guramalary tarapyndan goldanylýar. Bu energetika taslamasy diňe bir Günorta Aziýanyň ýurtlaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde-de möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda mawy ýangyjyň baý gorlaryny özünde jemleýän sebitde iň iri «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi dowam edýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şu ýylyň sentýabrynda Mary welaýatynda sebitde howpsuzlygyň berkidilmegine, goňşy döwletleriň we sebitiň ýurtlarynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, durnukly ykdysady gurşawyň döredilmegine ýardam bermäge gönükdirilen iri taslamalara badalga berildi. Hususan-da, TOPH transmilli gaz geçirijisiniň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berildi we «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbi tutuldy.

Halkara maslahatyň işi 25-nji oktýabra çenli dowam eder. Oňa gatnaşyjylar «Türkmen tebigy gazynyň geljegi: täze eksport ugurlary we eksport ukyplary», «Tebigy gazyň — uglerody az ýangyjyň energetiki geçişdäki monetizasiýasy», «Energetiki geçiş: tehnologik innowasiýalaryň we adam maýasynyň orny», «Ýerasty gazyň saklanyşy we geotermal energiýa: iň oňat halkara tejribä syn», «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde ekologik jähetler: metanyň, uglerodyň dioksidiniň zyňyndylarynyň azaldylmagyny nygtamak» atly mowzuklaýyn mejlislerde meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar. Utgaşykly görnüşde geçiriljek mejlislere ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň, daşary ýurtly iri ugurdaş kompaniýalaryň we halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, bilermenler gatnaşarlar.

Maslahata gatnaşyjylar nebitgaz senagatynda geologiýa-gözleg işleri, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça täze taslamalar, gaz ýataklaryny özleşdirmegiň tejribesi we mümkinçilikleri, onuň geologik nusgasynyň soňky täzelenmesi, pes uglerodly energiýa elýeterlilik, türkmen tebigy gazynyň eksportynyň geljegi, düzüminde has köp uglerod saklaýan ýangyç görnüşlerini tebigy gaz bilen çalyşmak arkaly energetiki geçişiň maksatlary boýunça çykyş ederler. Mejlislerde uglewodorodlary gazyp almagyň, ekologik taýdan arassa önümleri we hyzmatlary üpjün etmegiň önümçilik zynjyrynyň düzüminde metanyň hem-de ugurdaş gazyň zyňyndylaryny hasaplamak, bazardaky soňky ýagdaýlar, gazy gaýtadan işlemekde täzeçil çemeleşmeler bilen bagly ýurdumyz üçin wajyp mowzuklar ara alnyp maslahatlaşylar.

Kömürturşy gazynyň daşky gurşawa zyňyndylarynyň möçberiniň azaldylmagy we tebigy gaza bolan islegiň artmagy dünýä jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge çuňňur gyzyklanma bildirýän döwründe ählumumy energetikanyň ösüşinde esasy uzak möhletleýin ugurdyr. Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde häzirki wagtda wodoroda — geljegiň ýangyjyna uly ähmiýet berilýär. Energetika tehnologiýalarynyň düzümlerine innowasiýalaryň girizilmegi netijesinde, wodorod energetikasy täze bazarlary «özleşdirmäge» girişýär. Ol senagat önümçiliginde ulanylanda, parnik gazlaryny emele getirmezden, ýylylyk bilen üpjün edip bilýär. Çünki onuň ýylylyk döretmek ukyby ýangyjyň beýleki görnüşlerinden üç esse ýokarydyr. Mundan başga-da, ony energiýany toplaýjy hökmünde peýdalanyp bolýar. Gaz zyňyndylarynyň bolmazlygy, howpsuzlygy, tygşytlylygy, bäsdeşlige ukyplylygy bu energiýa serişdesiniň artykmaçlyklarydyr.

«Ýerasty gazyň saklanyşy we geotermal energiýa: iň oňat halkara tejribä syn» atly tehniki mejlisiň çäginde Nebit inženerleri jemgyýetiniň (SPE) halkara bilermenleri türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini paýlaşarlar, şeýle hem pes uglerodly geljek üçin geotermal energiýany peýdalanmak üçin hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň ugurlaryny kesgitlärler. «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde ekologik jähetler: metanyň, uglerodyň dioksidiniň zyňyndylarynyň azaldylmagyny nygtamak» atly mowzuklaýyn mejlisde düzüminde ýokary kislotaly gazlar saklanýan uglewodorod ýataklary özleşdirilende daşky gurşawa ýetýän täsiri azaltmaga aýratyn ähmiýet berler. Munuň üçin atmosfera düşýän zyýanly zyňyndylary azaltmagyň strategiýalary we tehnologiýalary göz öňünde tutulýar. Gaz känlerini özleşdirmegiň depgininiň ýokarlanmagy bilen baglylykda, gazylyp alynýan gazyň mukdary ep-esli artdyrylar. Şunda kislotaly gazlary himiki taýdan gaýtadan işlemek we dökün öndürmekde ulanmak meselesi derwaýys häsiýete eýe bolýar.

Daşky gurşawy goramak baradaky halkara borçnamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şol sanda zyňyndy gazlaryň möçberini azaltmak boýunça ýurdumyzda Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek, dünýäniň ösen döwletleri, abraýly halkara guramalar we iri kompaniýalar bilen giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň dekabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň okgunly ösmegi we halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagy ekologik taýdan arassa tehnologiýalar we öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda uglewodorod serişdeleriniň eksportynyň artmagyny üpjün edýär. Bu strategik wezipäni çözmekde ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaýyn esasda özleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär.

Energetika pudagyndaky möhüm meseleleri çözmek üçin ukyply hünärmenler zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, mejlislerde nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şol sanda pudagyň ylmy kuwwatyny artdyrmak, ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň orny baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Dünýäniň birnäçe ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleri çykyşlarynda toplan tejribelerini we täze işläp taýýarlamalaryny tanyşdyrarlar.

Forumyň çäklerinde nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen sanly ulgam arkaly ikitaraplaýyn duşuşyklaryny guramak, şeýle hem metbugat maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi