“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2024” (OGT 2024) halkara maslahatynyň we sergisiniň çäginde Özbegistan Respublikasynyň Energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow “Ählumumy energetika bazarynda täze depginler we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi” atly umumy mejlisde halkara energiýa meseleleri we bu ugurda Türkmenistanyň alyp barýan işleri barada belledi.
Žurabek Mirzamahmudow öz çykyşynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, energiýa we nebitgaz pudaklaryndaky üstünlikli hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Özbegistan Türkmenistandan elektrik energiýasyny durnukly satyn alyjdyr. Özbegistanyň çäginden geçýän Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisi ýaly iri bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini we çuňlugyny görkezýär.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda energiýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän ikitaraplaýyn şertnamalar bar. Bularyň arasynda tebigy gazyň durnukly üpjünçiligi we barha artýan zerurlyklara esaslanyp gaz möçberiniň giňeldilmegi, Türkmenistanyň elektrik üpjünçiligi boýunça tagallalaryny ýokarlandyrmak we dürli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ýaly maksatlar bar.
Bularyň hemmesi bilelikde eksport-import amallaryny we Türkmenistanyň energiýa çeşmelerini beýleki ýurtlara we sebitlere üstaşyr geçirmek arkaly ýurtlaryň arasynda sebitara gatnaşyklary ösdürýär. Şübhesiz bu özara gatnaşyk Merkezi Aziýada energiýa durnuklylygyny berkitmegiň tarapdary bolup, işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly iki dostlukly döwletiň ykdysadyýetiniň ösmegine kömek edýär.
Özbegistan Respublikasynyň Energetika ministri ýurdumyza iş sapary we “OGT 2024” halkara forumyna işjeň gatnaşmagy iki dostlukly döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň umumy ösüş strategiýasyna laýyk gelýän meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşdy.