Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow "OGT 2024" 29-njy halkara maslahatynda çykyş edip, Türkmenistanyň Aziýanyň nebit-gaz bazarynda möhüm orna eýediginj aýtdy.
Onuň belleýşi ýaly, TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) taslamasynyň gurluşygy diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, eýsem tutuş sebit üçin möhüm waka boldy. 1800 kilometre çenli uzalyp gidýän bu gaz geçirijisi, tebigy gazy Türkmenistandan Owganystandan we Pakistandan Hindistana geçirer we energiýa hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açar.
TOPH taslamasy, energiýa howpsuzlygyny artdyrmak we oňa gatnaşyjy ýurtlar üçin energiýa çeşmelerini diwersifikasiýa etmek üçin döredildi. Bu Türkmenistana baý tebigy gaz gorlaryny eksport etmäge mümkinçilik berer, Hindistan we Pakistan ýaly çalt ösýän ýurtlary bolsa zerur energiýa çeşmeleri bilen durnukly üpjün eder.
Türkmenistanda 71 milliard tonnadan gowrak nebit ekwiwalenti, şol sanda 20 milliard tonnadan gowrak nebit we 50 trillion kub metrden gowrak tebigy gaz ýaly uglewodorod serişdeleri bar. Ýurdumyz häzirki wagtda subut edilen tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň dördünji orunda durýar.
Hytaý Halk Respublikasy türkmen tebigy gazyny iň köp import edýän ýurtdyr. Şeýle hem Türkmenistan Özbegistana iberilýän tebigy gazyň möçberini köpeltmegi we Yraga eksporta başlamagy meýilleşdirýär.
"OGT 2024" halkara forumy geljekdäki energiýa ugurlaryna, energiýa pudagyna maýa goýum mümkinçiliklerine, "ýaşyl" we dowamly energiýa, tehnologiki innowasiýa we uglewodorod serişdeleriniň ösüşiniň daşky gurşaw taraplaryna laýyk gelýän işlerini durmuşa geçirmek üçin möhüm meýdançadyr. Türkmenistan dünýä bazarlaryna elýeterli we arassa energiýa üpjünçiligi babatynda özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barmaga, durnukly ösüşe we daşky gurşaw howpsuzlygyna goşant goşmaga taýýardyr.