Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy uly şatlyk-şowhun, dabara bilen bellenilip geçildi. Şanly sene mynasybetli geçirilen dabaralarda Türkmenistanyň bu ýyllaryň dowamynda ähli ulgamlar boýunça gazanan ýokary zähmet üstünlikleri beýan edildi. Bu üstünlikler halkara giňişliginde uly seslenmä eýe bolup, Watanymyzyň şan-şöhratyny has belende galdyrdy. Bu ýyllarda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzda nebit pudagyny ösdürmek boýunça bimöçber işler alnyp baryldy.
"Türkmennebit" döwlet konserniniň bu ugurda bitiren işleri möhüm ähmiýete eýe boldy. Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk toýunda gurnalan çärelere, mejlislere we dabaraly ýörişe "Türkmennebit" döwlet konserniniň zähmetsöýer hünärmenleri işjeň gatnaşdy. Olar konserniň gazanan üstünliklerini, halkara abraýyny, amala aşyran beýik maksatly tutumlaryny has ýokary derejelere çykarmakda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza döredip berýän mümkinçilikleri üçin alkyşlaryny beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda öňde goýlan maksatlara ýetmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has ýokarlandyrmakda, nebit pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde yhlasyny gaýgyrman zähmet çeken "Türkmennebit" döwlet konserniniň hünärmenleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy:
1.Mollaýewa Gülruh Gurbanmuhamedowna,
"Türkmennebit” döwlet konserniniň Işgärler we hukuk müdirliginiň Işgärler bölümi, baş hünärmeni.
2.Kemerow Kemer Amanberdiýewiç,
“Türkmennebit“ DK-niň hojalyk müdiri.
3.Nyýazow Rejepmämmet Baljabaýewiç,
“Nebitgazçykaryş” trestiniň “Gumdagnebit” nebitgaz çykaryş müdirliginiňbaşlygynyň orunbasary baş geology.
4.Annaorazow Rejepberdi Berdiýewiç,
“Nebitgazçykaryş” trestiniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginiň “Goturdepe” gaz gysyjy stansiýasynyň tehnologik desgalarynyň operatory.
5.Bekmyradow Annamuhammet,
“Nebitgazçykaryş” trestiniň “Barsagelmez” tilsimat ulaglary müdirliginiň1-nji ulaghananyň1-nji derejeli sürüjisi.
6.Amannazarow Şirnazar Şanazarowiç,
“Nebitgazçykaryş” trestiniň Gurluşyk we önümçilik dolandyryş tehniki edarasynyň 3-nji Gurluşyk gurnama dolandyryş edarasynyň 2-nji gurluşyk meýdançasynyň uly proraby.
7.Goşaýew Aşyrmämmet Janmämmedowiç,
“Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Abatlaýyş - mehaniki zawodynyň Mehaniki sehiniň mehaniki meýdançasynyň2/1 derejeli tokary.
8.Kartyýew Arazberdi,
“Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Awtoulag we ýol gurluşyk müdirliginiň 2/1 derejeli ýükleýjiniň sürüjisi.
9.Baýramow Meret,
“Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestiniň “Gamyşlyja” guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň başlygy.
10.Hajygurbanow Begmämmet Rejepmämmedowiç
“Türkmennebitgeofi-zika” müdirliginiň Guýy nebit-gaz hyzmat uçastogynyň hyzmat topary, guýulary barlamak boýunça ussasy.
11.Annagurbanow Baýram Annaýewiç,
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nasoslap guýmak we arassalaýyş desgalary boýunça uçastogynyň 2/5 derejeli tehnologik nasoslaryň maşinisti (nobatçy).
12.Şanyýazow Halnyýaz,
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyňPolipropileni öndürýän 6-njy sehiň polipropileni maýdalaýan we gaplaýan desgasynyň 2/6 derejeli uly operator (nobatçy).
13.Babajanow Myrat Sahatowiç,
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň Suw üpjünçilik we kanalizasiýa sehiniň mehaniki arassalaýjy desgasy we senagat kanalizasiýa uçastogynyň nasos gurluşlaryň maşinisti.
14.Batyrowa Ogulsapar Garlyýewna, “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň S.Türkmenbaşy nebit önümleri kärhanasynyň nebit önümlerini dökme-guýma sehinň I derejeli haryt operatory.
15.Kişikow Rejepmyrat Nobatowiç, “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Baýramaly nebit önümleri kärhanasynyň nebit önümleri dökme-guýma sehiniňI derejeli haryt operatory.
16.Arazow Araz Babaýewiç,
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň Ylmy-tehniki ösüş bölüminiň müdiri.
17.Nazarmyradow Meýlismyrat Baýmyradowiç,
“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Hyzmat edýän işgärler bölüminiň sürüjisi.
"Türkmennebit" döwlet konserniniň zähmetsöýer hünärmenleri hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyza sag bolsun aýdyp, nebit pudagynyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.