Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Aşgabatda Gazagystanyň "KMG Drilling and Services" kompaniýasynyň şahamçasy açyldy
22.10.2024

Aşgabatda Gazagystanyň "KMG Drilling and Services" kompaniýasynyň şahamçasy açyldy. Ol Türkmenistanda Çeleken ýatagynda burawlaýyş işleri bilen baglanyşykly meýilnamalary dowam etdirer.

Burawlaýyş işleri Gazagystanda gurlan ilkinji ýüzüji burawlaýyş desgasy (SPBU) Satti tarapyndan amala aşyrylar. Bu desganyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen doly enjamlaşdyrylandygy bellenilýär.

"KMG Drilling & Services HJ" - "KazMunayGaz"-yň golçur kompaniýasy bolup, Hazaryň gazak böleginde burawlamak hyzmatlarynyň esasy üpjün edijisidir we ilkinji deňiz burawlaýyş desgasy (SPBU) Satti-niň eýesidir. Kompaniýa 2008-nji ýylda esaslandyryldy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde "KazMunayGaz" milli kompaniýasy bilen "Türkmennebit" döwlet konserni Hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdiler. Ähtnama boýunça işler nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen we iki tarap üçin hem täze mümkinçilikleri açýar diýip, çeşme belleýär.

Çeşme: "Demirýollary" AGPJ