17-18-nji oktýabrda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçirildi. Foruma Russiýadan, Belarusdan, Täjigistandan, Özbegistandan gelen wekiller hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we beýleki düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu mejlis Arkalaşyga agza ýurtlaryň zähmet we durmuş ugry boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat etdi.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow mejlisi açyp, Geňeşiň köp ýyllaryň dowamynda GDA ýurtlarynda umumy zähmet bazarynyň emele gelmegine we durmuş syýasatynyň ösmegine uly goşant goşandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda Türkmenistanyň GDA-nyň assosiirlenen agzasy bolup durýandygyny, Arkalaşyk bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirýändigi we köpugurly hyzmatdaşlyga öz işjeň goşandyny goşmaga dowam edýändigini aýtdy. Sylapow Geňeşiň özara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna we zähmet ugry boýunça ösüşe täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Mejlisiň çäginde zähmet we durmuş goraglylygy boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik ýagdaýy we Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna durmuş ýeňillikleriniň berilmegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, 2025-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri, hususan-da, weteranlary goldamak boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine uly üns berildi.
Duşuşygyň esasy wakalarynyň biri Türkmenistanyň GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň başlyklygyny Russiýadan kabul etmegi boldy. Russiýa Federasiýasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Alekseý Wowçenko Russiýanyň başlyklygy döwründe gazanylan üstünlikleri, şol sanda möhüm döwletara ylalaşyklaryň işlenip taýýarlanylandygyny belledi. Ol Türkmenistanyň bu ugurda Geňeşiň alyp barýan möhüm ähmiýetli işlerini dowam etdirjekdigine ynam bildirdi.
GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew mejlise gatnaşyjylara ugradan resmi ýüzlenmesinde Türkmenistanyň ilatyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen durmuş özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirýändigini aýratyn nygtady. Ol türkmen tarapynyň tejribesiniň Arkalaşygyň beýleki ýurtlary üçin görelde bolup biljekdigini belledi.
Täjigistanyň Zähmet, migrasiýa we ilatyň iş bilen üpjünçiligi ministri Gulnora Hasanzoda öz çykyşynda Türkmenistanyň durmuş meseleleriniň çözülmegi boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berdi we ýurdumyzyň geňeşe başlyklyk etjek döwründe GDA ýurtlarynyň iş bilen üpjünçilik we durmuş syýasaty ugrundaky tagallalaryny birleşdirip, netijeli işleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Belarus Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş goramak ministriniň orunbasary Igor Starowoýtow çäräniň ýokary derejede guralandygyny belläp, ilatyň zähmetini kadalaşdyrmak we zähmet howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna görülýän taýýarlyk meseleleriniň ähmiýetini nygtady. Onuň belleýşi ýaly, Geňeşiň mejlisleri ileri tutulýan wezipeleriň we maksatnamalaryň giň toplumynyň kesgitlenmeginde möhüm orna eýe.
Umuman aýdanyňda, GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi Arkalaşygyň ýurtlarynyň köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna we GDA giňişliginde durmuş syýasatynyň ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikleriň döredilmegine ygrarlydygyny tassyklady.
Forumda mundan başga-da, myhmanlar üçin Türkmenistanyň Döwlet muzeýine we Türkmen halysynyň Milli muzeýine baryp görmek ýaly medeni çäreler hem guraldy.
Goşmaça maglumatlar: