Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” (OGT 2024) halkara maslahatyna Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri gatnaşar
18.10.2024

Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow 23-25-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” (OGT 2024) halkara maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Ol “Ählumumy energetika bazarynyň täze ugurlary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk” atly umumy mejlisde çykyş eder.

Umumy mejlisde dünýäniň energetika bazarynyň ýagdaýyna syn berler we Türkmenistanyň strategik ornuna baha berler. Şeýle hem bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenistan bilen Özbegistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlar bolup, nebitgaz pudagynda netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi Özbegistanyň hem çäklerinden geçýär we köp ýyldan bäri Özbegistan türkmen elektrik energiýasyny satyn almakda ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar.

Türkmenistan bilen Özbegistanda energiýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän ikitaraplaýyn şertnamalar bar. Bularyň arasynda tebigy gazyň durnukly üpjünçiligi we goňşy ýurduň barha artýan zerurlyklaryna esaslanyp giňeldilýär.

Şu nukdaýnazardan Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudowyň Türkmenistana sapary we “Türkmenistanyň nebiti we gazy -2024” atly halkara maslahatyna gatnaşmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň umumy ösüş strategiýasyna laýyk gelýän meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşar.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy -2024” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin 40 ýurtdan 700-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy. Foruma gatnaşmak üçin hasaba almak işleri eýýäm ýapyldy, onlaýn gatnaşmak üçin hasaba almaklyk 20-nji oktýabra çenli dowam eder.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti