Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy medeni gatnaşyklary pugtalandyrýar
17.10.2024

16-njy oktýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu döredijilik çäresi iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary, taryhyň we medeniýetiň umumylygy häzirki wagtda doganlyk halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berkidilmegine, döredijilik gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam edýän möhüm şert hökmünde çykyş edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda meşhur şahyryň doglan gününiň hormatyna ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler guralýar. 11-nji oktýabrda paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen foruma Ermenistan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri gatnaşdylar.

Bu çäräniň esasy maksady Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmekden, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmekden ybarat boldy. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Baştutany iri halkara forumyň ýokary guramaçylygyny hem-de ýurdumyzyň Hökümetiniň Magtymgulynyň taglymlaryna eýermek bilen, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek, köpugurly halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmak ugrunda tagalla edýändigini belledi. Munuň özi dostlukly döwletde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn sarpa goýulýandygynyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, beýik söz ussadynyň hormatyna Moskwada, Astrahan oblastynda we Stawropol ülkesinde ýadygärlikler oturdyldy. Astrahan oblastynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän mekdep açyldy. Şeýle-de paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda akyldar şahyryň ägirt uly ýadygärligi, dürli ýurtlaryň meşhur nusgawy şahyrlary we akyldarlary bilen bir hatarda, rus edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy Fýodor Dostoýewskiniň hem heýkeliniň oturdylandygyny bellemek ýakymlydyr.

Soňky wagtda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklar çuň many-mazmuna eýe bolýar. Bilim ulgamynda gatnaşyklar giňeldilip, ylym we medeni alyşmalar, iki döwletiň sebitara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Ýurtlarymyzda yzygiderli geçirilýän Medeniýet günleri meşhur döredijilik çäresine öwrüldi. Nobatdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy üçin saýlanyp alnan Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň tomaşaçylardan doly zaly hem Türkmenistanda bu çärä uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezdi. Bu ýere medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, dostlukly halkyň sungatynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.

Sahnada Russiýa Federasiýasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp konserti ýaýbaňlandyrylýar. Medeniýet günlerinde Russiýa wekilçilik etmek hukugyna Adygeýiň «Nalmes» halk tanslary döwlet akademiki ansambly eýe boldy. Toparyň düzüminde çylşyrymly horeografik çykyşlary ýokary derejede ýerine ýetirmäge ukyply ökde tansçylar bar. Ansamblyň çykyşy «Islameý» diýlip atlandyrylýan gadymy tans bilen başlanýar. Bu tans guşlaryň uçuşyny ýada salýar. Çykyşlaryň maksatnamasyna hanjarly tans, adygeý halk tanslary, «Nalmes tans edýär» atly horeografik çykyş hem girizildi. «Nalmes Nalkut» atly horeografik nowellada kawkaz halklarynyň milli tans hereketleri bilen utgaşýan nusgawy tanslar ýerine ýetirildi. Konsert gadymy halk saz gurallarynda ýerine ýetirilen “popurri” çykyşy bilen dowam etdi. Tomaşaçylar myhmanlary şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklediler. Mukamlar köşgüniň eýwanynda W.D.Polenow adyndaky Russiýanyň Döwlet halk döredijilik öýüniň guramagynda fotosuratçylaryň işleriniň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Medeniýet günleriniň çäklerinde wekiliýet agzalary Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýdular hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler.

Şu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda P.I.Çaýkowskiý adyndaky XV halkara bäsleşigiň ýeňijisi, Moskwanyň Döwlet akademiki filarmoniýasynyň aýdymçysy, pianinoçy Dmitriý Masleýew ussatlyk sapagyny geçdi.

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Adygeýiň «Nalmes» halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň aýdymçylary paýtagtymyzyň sazçylyk mekdeplerinde okaýan talyplar we tans toparlary üçin ussatlyk sapagyny gurar.

Russiýadan gelen myhmanlar üçin Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençleri we muzeý gymmatlyklary bilen tanyşlyklary öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi