Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan bilen Täjigistan özara gatnaşyklary ösdürýärler
17.10.2024

Düýn paýtagtymyz Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlisiň barşynda iki ýurduň arasyndaky özara erk-islege daýanýan gatnaşyklaryň soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe bolandygy nygtaldy. Ýokary we Hökümet derejesindäki özara saparlardyr duşuşyklaryň geçirilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň maý, sentýabr aýlarynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet we iş saparlary hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprelindäki resmi sapary däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka boldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berdi.

Bilelikdäki toparyň gün tertibine söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Energetika pudagy, ulag we logistika, oba hojalygy, senagat geljegi uly ugurlaryň hataryndadyr. Işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda-da uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Bilelikdäki ugurdaş çäreleriň yzygiderli geçirilmegi munuň üçin şertleri döredýär. Mejlise gatnaşyjylar uzak möhletleýin esasda ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtadylar. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylmy-tehniki ulgamda, öňdebaryjy tehnologiýalarydyr innowasiýalary ornaşdyrmak, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň gurlup ulanmaga berilmegi taryhy taýdan özara baglanyşýan iki halkyň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr. Mälim bolşy ýaly, durmuş maksatly bu möhüm desganyň düýbüni tutmak dabarasy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurda döwlet saparynyň çäklerinde geçirilipdi. Bu bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, türkmen gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi. 540 orunlyk täze ajaýyp mekdep şu ýylyň 1-nji sentýabrynda okuwçylar üçin öz gapylaryny giňden açdy. Onuň açylyşyna Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon sanly ulgam arkaly ak pata berdiler.

Türkmenistan bilen Täjigistan medeni ulgamda hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Medeniýet günleriniň we beýleki döredijilik çäreleriniň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Şu ýyl dostlukly döwletiň wekilleri Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilen dürli çärelere gatnaşdylar. Prezident Emomali Rahmon şanly senä bagyşlanyp, 11-nji oktýabrda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşmak üçin paýtagtymyza sapar bilen geldi. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistanda hem Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan çäreleriň geçirilendigi bellärliklidir. Şeýle hem saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Ýurtlaryň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigini, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, mejlise gatnaşyjylar strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmuna eýe bolup, geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi