Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Döwlet durmuşyndaky möhüm wakalara bagyşlanan maslahat
16.10.2024

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda “Magtymguly Pyragynyň mirasy – parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýady” atly maslahat geçirildi. Ol ýakynda Aşgabatda beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň  300 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy-parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly ýokary derejeli halkara maslahatynyň netijelerini hem-de ýurdumyzda giňden bellenip geçilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli bolup geçen dabaraly wakalaryň ähmiýetini wagyz etmäge bagyşlandy. 

Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar – Türkmenistanyň Mejlisiniň, Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary görnükli orunda goýlupdyr. Kitaplaryň arasynda alym lukman Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda çap edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 16-njy jildi maslahata gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Sergide milli amaly-haşam sungatynyň eserlerine, milli halylarymyza we şaý-seplere hem giňden orun berildi.  

Maslahatda çykyş edenler Aşgabatda geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň iň möhüm, şanly wakalarynyň biri bolandygyny, oňa birnäçe ýurduň döwlet Baştutanlarynyň, hökümet agzalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, köp sanly alymlaryň, medeniýet işgärleriniň, diplomatlaryň gatnaşandyklaryny bellediler. Hormatly Prezidentimiz şol forumda beýik akyldaryň baý mazmunly beýik mirasynyň türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitleýändigini aýtdy we Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleriniň beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belläp geçdi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri Amannepes Şyhnepesowyň nygtaýşy ýaly, geçmişiň beýikligini şu günüň belentliginiň binýadyna öwrüp, geljegiň nurana ýollary bilen ýurdumyzy öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň at-abraýyny dünýäde belende göterýän, türkmen döwletiniň şan-şöhratyny dabaralandyrýan her bir tutumly işleriniň, badalga berýän toý-baýramlarynyň diňe bir halkymyzyň ruhy dünýäsini galkyndyrmak bilen çäklenmän, dünýä halklaryny bagtyýarlyga, parahatçylyga bolan umyt-arzuwlaryna ganat berdi.

Forumyň dowamynda daşary döwletleriň birnäçesiniň baştutanlarynyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň şanyna döredilen ýubileý medalyna mynasyp bolandygyna üns çekildi. Bu medaly döşlerine dakyp giden köp sanly myhmanlarymyzyň, daşary ýurt döwlet ýolbaşçylarynyň ýakymly ýatlamalar bilen birlikde, türkmen halkynyň döwlet Baştutanynyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasatlaryna bolan uly hormat-sarpany hem kalplaryna nagyş edip, dünýäniň çar künjegine ýetirendiklerine biz guwanýarys diýip, çykyş edenler aýtdylar.

Halkara forumyň çäklerinde döwlet ýolbaşçylarynyň geçiren gepleşikleri, Gazagystan Respublikasynyň we Mongoliýanyň döwlet Baştutanlarynyň ýurdumyza saparlary we olaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar, geçirilen medeni çäreler Pyragynyň arzuwlan häzirki zamanymyzda berkarar Watanymyzyň halklary dost-doganlyga, parahatçylyga we agzybirlige çagyrýan döwlet hökmünde dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň ýol açýandygy bellenildi. Aşgabadyň ajaýyp künjeginde bina edilen gazak halkynyň meşhur şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagy türkmen-gazak medeni gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysyna täze sahypa bolup girdi.

Maslahatda soňky günlerde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda bolup geçen köp sanly şanly wakalara hem aýratyn üns çekildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň nygtaýşy ýaly, soňky günlerde ýurdumyzda bolup geçen möhüm wakalaryň her biri hemmetaraplaýyn ösüşlerimiziň derejesini, ähmiýetini has aýdyň görkezýänligi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynda uly dabara bilen açylan paýtagtymyzdaky 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi, Türkmenabat şäherindäki buýandan glisirrezin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherindäki welaýat we şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy lukman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap derejede ösdürmekde bitirýän beýik hem deňsiz-taýsyz işleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. Bellenilişi ýaly, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezlerinden gelen köpsanly myhmanlar saglygy goraýşyň täze merkezlerine we kärhanalaryna ýokary baha berdiler.

Maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň nobatdaky 16-njy jildiniň çapdan çykmagynyň taryhy ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýewiň nygtaýşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu lukmançylyk işi ozalky neşirler ýaly, saglygy goraýyş işgärleri üçin möhüm ähmiýetli gollanma bolar. Ensiklopedik kitabyň täze jildiniň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň bellenilýän senesinde ajaýyp sowgat boldy.

Baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda germaniýaly dünýä meşhur görnükli kardiolog lukman Hans Maýsneriň ady dakylan şaýolyň we onuň ugrunda “Kalbyň şypasy” atly täze binanyň dabaraly açylmagynyň, döwlet sylaglarynyň gowşurylmagynyň saglygy goraýyş işgärlerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrandygy aýratyn bellenildi.

Maslahatyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna hem giň orun berildi. Olarda dana Pyragynyň arzuw eden berkarar döwletimiziň galkynyşly zamany belentden wasp edildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini belende göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözler beýan edilýär.