Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan Türkiýe bilen köp ugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
11.10.2024

10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen duşuşdy.

Myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Milli Liderimiz beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy üçin Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi we doganlyk ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Biz şu ýyl beýik türkmen şahyry, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belleýäris. Bu şanly waka mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyny gurduk. Ol ýerde beýik akyldaryň heýkeli oturdyldy. Şeýle hem seýilgähde Ýunus Emräniň heýkelini açdyk diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli türk alymlary we magtymgulyşynaslary tarapyndan şahyryň goşgularyny türk diline terjime etmek, ony giňden ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini nygtap, halklarymyzyň dil, medeniýet we ruhy taýdan umumylyga eýe bolmagynyň döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýändigine ünsi çekdiler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýokary derejeli gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmen-türk döwletara hyzmatdaşlygynda parlamentara gatnaşyklara hem möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz türkmen tarapynyň parlament diplomatiýasy ugrundaky hyzmatdaşlygyň has işjeň alnyp barylmagyna taýýardygyny tassyklady. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistanyň halkara guramalarda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän başlangyçlaryny Türkiýe Respublikasynyň yzygiderli goldamagy munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi