Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda VI Wena baly açyldy
11.10.2024

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Şu gezekki döredijilik çäresi ynsanperwer ulgamda iki ýurduň halklarynyň birek-biregiň medeni durmuşyna gyzyklanmalaryny, has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga bolan tagallalaryny tassyklaýar. Şunuň bilen bir hatarda, bu çäräniň geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna we goldawlaryna eýe bolan açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň netijesi bolup durýar.

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri, Wena şäheriniň Aşgabatdaky Medeniýet günleri, türkmen sungat ussatlarynyň Wenadaky we awstriýaly artistleriň Aşgabatdaky çykyşlary, awstriýaly aýdymçylaryň ýurdumyzda geçirilýän halkara festiwallara we beýleki çärelere gatnaşmagy türkmen-awstriýa döredijilik hyzmatdaşlygynyň tejribesinden mysallardyr.

Gahryman Arkadygymyzyň ýardam-goldawlary bilen döredilen bilelikdäki «Galkynyş» simfoniki orkestri hem bu ulgamda alnyp barylýan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň nyşany bolup durýar. Türkmenistanda geçirilýän Wena baly bilelikde guralýan ajaýyp çäreleriň biri hökmünde görkezmek bolar.

Iki ýüz ýyla golaý taryhy bolan Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň esasy nyşanlarynyň biri bolup, geçen döwürde özüniň meşhurlygyny ýitirmän, eýsem, Awstriýanyň, hatda Ýewropanyň çäklerinden hem daşary çykyp, dünýäniň köpsanly ýurtlarynda yzygiderli geçirilýän medeni çärä öwrüldi.

Bu döredijilik çäresiniň Arkadag şäherinde geçirilýändigi aýratyn ähmiýete eýedir. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täsin şäheriň gurluşygy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Arkadag şäheriniň türkmen topragynyň, ata-babalarymyzyň şöhratly taryhynyň gözbaş alan gadymy künjekleriniň birinde gurlandygy hem bellenilmäge mynasypdyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi