Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen gepleşikler geçirdi
10.10.2024

Paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda dostlukly ýurduň Lideri motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Oguzhan adyndaky Köşkler toplumyna tarap ugraýar. Bu ýerde toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi “Rowaç” zalyna çagyrýar. Bu ýerde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz gazagystanly kärdeşine Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem ertir beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan halkara forumyna gatnaşýandygy, ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu duşuşyk biziň ýurtlarymyzyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň şu ýylda eýýäm bäşinji duşuşygydyr. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejededigine, bu gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça depginli, gyşarnyksyz we anyk maksada gönükdirilip alnyp barylýar. Bu hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek bilen, biz türkmen we gazak halklarynyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat we sarpa goýmak däpleriniň çuň taryhy köklerine daýanýarys. Häzirki döwürdäki halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakynlygyna, hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna, iki ýurduň hem kuwwatly ykdysady mümkinçiliklerine esaslanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplyk daşary syýasy ugruna berk we üýtgewsiz goldaw berýändigi, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde türkmen tarapynyň öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlaryna, garaýyşlaryna we tekliplerine ýardam berýändigi üçin, Gazagystana minnetdarlyk bildirdi.

Şonuň bilen bir wagtda, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmak, häzirki zaman tehnologik ösüş üçin şertleri döretmek, şeýle hem medeni gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, ýurtlarymyzyň ykdysady we serişde mümkinçiliklerini ulanmak üçin uly tagallalar edilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gazagystan bilen dost-doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegi pugta maksat edinýändigini, syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işleri dowam etmäge taýýardygyny nygtap, şu gün geçiriljek gepleşikleriň türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabada gelmäge çakylygy we m ähirli garşylandygy üçin hoşallyk bildirip, Gazagystan üçin Türkmenistanyň örän ýakyn ýurtdugyny we strategik hyzmatdaşdygyny nygtady. Gazagystanyň Lideri şeýle hem ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň möhümdigini belledi. Bu duşyşyklar köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Gazagystan energetika, ulag, logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda galýar diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Şunda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy hyzmatlary aýratyn bellenildi.

Ynanyşmak we netijelilik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we geljegi uly meýilnamalar bilen baglylykda türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklarynyň gatnaşyklarynyň taryhy köp ýüzýyllyklara uzap gidýär. Hakyky doganlyk hyzmatdaşlygy emele geldi. Iki döwleti we halky diňe bir geografiýa taýdan ýerleşişi däl-de, eýsem taryhy ykballarynyň aýrylmazdygy, bir-birine zerurdygy baradaky düşünjeler hem birleşdirdi. Biz bu umumy gymmatlyklaryň gadyryny bilýäris, ata-babalarymyzdan miras galan, ýokary ahlak kadalary baradaky garaýyşlarymyzyň esasyny düzýän däplere aýawly garaýarys hem-de olary hormatlaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şu ýyl görnükli şahsyýetler–türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň Gazagystanyň paýtagty Astanada, gazak şahyry, filosofy hem-de magaryfçysy Abaý Kunanbaýewiň Aşgabatda ýadygärlikleriniň açylmagy türkmen we gazak halklarynyň dost-doganlygynyň aýdyň nyşany boldy. Bu dabaraly çärelere türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşandygy aýratyn bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň häzirki derejesi biziň ýurtlarymyza geljek üçin öz gatnaşyklaryny ynamly ýola goýmaga, halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryny ylalaşmaga mümkinçilik berýär, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň uzak möhletli meýilnamalaryny düzmäge şert döredýär.

Türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygynyň many-mazmuny ählumumy ösüşiň ugurlaryna özara doly düşünmek bilen şertlenendir. Türkmenistan halkara işlerinde Gazagystan bilen bilelikde deňhukuklylyk we adalatlylyk, BMG-niň esas goýujy resminamalaryna berk eýermek ugrunda çykyş edýär.

Ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak, ählumumy töwekgelçiliklere hem-de howplara garşy göreşmek, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynsanperwer meseleleri çözmek maksady bilen, häzirki döwürde biz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejelerde mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygymyzy tassyklaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, Gazagystan Respublikasy bu ulgamda ýurdumyzyň köp ýyllardan bäri ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dürli pudaklarda hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine, hökümet hem-de dolandyryş edaralary boýunça toplanan tejribä ýokary baha berdi. Umuman, bu ugurdaky hyzmatdaşlygymyz hil taýdan gowulanyp, yzygiderli ösýär.

Şunuň bilen birlikde, iki tarapyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak üçin şertleriň köpdügi bellenildi. Türkmenistan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi we giňeltmegi zerur hasaplaýar. Biziň umumy işimizde eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasy bolan «Türkmenistan–Özbegistan–Gazagystan–Hytaý» gazgeçirijisini bellemek bolar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň gazagystanly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde energiýa serişdelerini ibermegi we üstaşyr geçirmegi düýpli artdyrmagyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Ulag we logistika ulgamlary hem hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarydyr. Biz Gündogar–Günbatar hem-de Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgelerini emele getirmekde Türkmenistan bilen Gazagystanyň giň mümkinçilikleriniň bardygyndan ugur alýarys. Merkezi Aziýanyň çäklerinden esasy transkontinental geçirijileri çekmegiň zerurdygy baradaky başlangyç bilen doly ylalaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biziň ýurtlarymyzyň işjeň hyzmatdaşlyk edip biljek beýleki ugurlaryň arasynda agrosenagat toplumyny, himiýa senagatyny, maşyngurluşygyny, dokma önümçiligini we birnäçe beýleki pudaklary görkezip bilerisdiýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen-gazagystan serhetýaka söwdasynyň zolaklaryny döretmegiň hem ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmekde, şol sanda oba hojalyk we durmuş tehnikalaryny, azyk harytlaryny, gurluşyk serişdelerini, şonuň ýaly-da nebit himiýasynyň önümlerini özara ibermegi giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin iki döwletiň mundan beýläk hem ähli zerur tagallalary etjekdigini tassyklandygyny belledi. Muny gol çekmek üçin taýýarlanan resminamalaryň toplumy hem tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyz netijeli iş alyp barandygy, strategik hyzmatdaşlyk meselelerini gyzyklanma bilen jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy üçin, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystan wekiliýetiniň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekmek dabarasyndan soňra, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlendiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi