Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler ýokarlandy
05.10.2024

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda 2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda-da aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 102,6 göterime deň boldy. Şu ýylyň dokuz aýynda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 106,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 105,9 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 100,3 göterim, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 101,7 göterim ýerine ýetirildi. Şunuň bilen bir hatarda, dizel ýangyjyny, polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň kärhanalaryny we önümçiliklerini doly güýjünde, durnukly işletmek üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi