Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Hormatly Prezidentimiz “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdy
27.09.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Işewür gadymy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy umumymilli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen gutlady.

Myhman Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine, halkara abraýynyň has-da belende galmagyna kuwwatly itergi beren giň möçberli özgertmeleriň ýokary derejesini belledi. Ol ýola goýlan hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine tüýs ýürekden buýsanýandygyny nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek babatda netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli gutlaglar we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ykdysady ösüşde meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň innowasion işläp taýýarlamalaryny çekmäge aýratyn üns berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Wozroždeniýe” kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda köpugurly iş alyp barýan holdingiň özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini aýtdy. Bu kompaniýa tarapyndan durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalar hil babatda halkara standartlara doly laýyk gelýär.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we rus kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge, gurluşyk hem-de senagat kuwwatyny artdyrmaga uly goşant goşýandygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmenistanda Gündogaryň beýik akyldary we türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilýändigini belledi. Şanly sene mynasybetli köp sanly çäreler geçirilýär. Medeni-durmuş maksatly desgalar ulanmaga berilýär. Şu ýylyň maýynda paýtagtymyzda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu toplumyň merkezinde beýik şahyryň ýadygärligi oturdyldy. Şunuň bilen baglylykda, toplumyň çäginde bezeg işlerini ýerine ýetiren “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň uly goşandy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda daşary ýurtly işewürleriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilendigini nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny we türkmen tarapynyň russiýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady. Duşuşygyň ahyrynda işewür hormatly Prezidentimize netijeli söhbetdeşlik hem-de gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň özüne bildirilen ynama ýokary baha berýändigini aýtdy we üstüne alan borçnamalaryny doly berjaý etmekde ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi