Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy
26.09.2024

Düýn paýtagtymyzda hormatly atlara mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýyl ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda medeniýet işgärlerini döwlet derejesinde sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň yzygiderli ösüşine döredijilik işgärleriniň goşýan goşandynyň ähmiýetini aýdyň şöhlelendirmek bilen, baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýýar. Munuň özi halkymyzyň tükeniksiz ruhy baýlygynyň goralýandygynyň, döredijilik işgärleriniň goldanylýandygynyň hem-de höweslendirilýändiginiň anyk güwäsidir.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijilerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz bäsleşigiň ýeňijilerini bu şanly waka we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen gutlap, jemgyýetimiziň ruhy durmuşynda, milli däp-dessurlarymyzy, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda hem-de wagyz etmekde, Watanymyzyň şöhratyny artdyrmakda, dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda olaryň alyp barýan işleriniň ähmiýetini nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz Gutlagynda türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmekde bu gözden geçirilişiň möhüm ähmiýetine, oňa medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň öz döreden kämil eserleri bilen gatnaşýandyklaryna ünsi çekip: “Biz geljekde-de bu bäsleşigiň gadyr-gymmatyny artdyrmak, onuň çäklerinde täze bäsleşikleri yglan etmek, döredijilik işgärlerini maddy taýdan goldamak babatda giň gerimli işleri alyp bararys” diýip belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany hem-de “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Karary okalýar.

Döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylary, ýazyjy-şahyrlar, aýdymçylar, sazandalar, şekillendiriş sungatynyň ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler döredijilikli zähmet çekmäge, hünär derejesini ýokarlandyrmaga döredilen ähli şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bäsleşigiň ýeňijileri bu sylagy diňe bir ýokary hormat we jogapkärçilik hökmünde däl, eýsem, sungatyň dörediji, jebisleşdiriji wezipesiniň nyşany hökmünde kabul edýändiklerini bellediler.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, öz zähmetine berlen ýokary baha we halkymyzyň ruhy mirasyny ösdürmäge, döredijilikli işlemekleri babatda zerur şertleri döretmäge berýän ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de eziz Watanymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ähli güýç-gaýratyny, bilimlerini, tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Meşhur aýdymçylaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň — dürli ugurlar boýunça döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, tans we halk döredijilik-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çykyşlary hormatly Prezidentimiziň halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni gatnaşyklary ösdürmäge täze gözýetimleri açan parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň, döwrümiziň özboluşly senasyna öwrüldi.

Konsert maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň köpdürlüligi we özboluşlylygy öz beýanyny tapdy. Ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilen çykyşlar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi