OPEK giňelmäge şat, hemmeler üçin açyk diýip, guramanyň Baş sekretary Haýsam Al-Gaýs žurnalistlere habar berdi. Bu barada Interfaks habar berýär.
«Men Malaýziýa, Meksika, Bruneýe, Azerbaýjana baryp gördüm, emma men olary OPEK-iň agzasy bolmaga çagyrmadym. OPEK+ bu formal däl gurama, ol hyzmatdaşlyk hakynda bileleşik we OPEK+ — yň agzalary bolan Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan formal taýdan OPEK-e girmeýär, ýöne özlerini OPEK-iň agzasy ýaly duýýar» - diýip ol aýtdy.
Al-Gaýs käbir ýurtlaryň OPEK-e girmek barada karar kabul etmekde ABŞ-da hemişe ara alnyp maslahatlaşylýan kanunçylyk bolan NOPEC-iň (No Oil Producing and Exporting Cartels Act) astyna düşmekden howatyrlanýarlar. Bu kanun amerikan hökümetine OPEK-iň agzalaryna garşy monopoliýa garşy kazyýet dawasyny açmaga mümkinçilik berýär.
Sarp edijiler bilen dialogy giňeltmegi teswirlemek bilen, Al-Gaýs Hytaý bilen Hindistana barandygyny aýtdy, şeýle hem ol ÝB bilen hemişe dialogy saklaýar.
5-nji iýulda OPEK-iň seminarynda BAE-niň energetika ministri Suheýl Al-Mazrui guramanyň agza ýurtlarynyň sanyny artdyrmaga şat boljakdygyny beýan etdi. Ol şeýle hem sarp edijiler bilen öndürijileriň birleşmeginiň bazar barada çaklamasyny has takyklajakdygyny aýtdy.
2023-nji ýylda OPEK maslahatynyň prezidenti — Ekwatorial Gwineýanyň dag magdan senagaty we uglewodorodlar ministri Antonio Ondo OPEK-iň agzalarynyň sanynyň artmagy bazara aýdyňlyk hem durnuklylyk berjekdigini aýtdy.
Häzir OPEK-e Alžir, Angola, Wenesuela, Gabon, Yrak, Eýran, Kongo, Kuweýt, Liwiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Nigeriýa, Saud Arabystany, Ekwatorial Gwineýasy girýär.