Şu gün 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady.
Şanly senäniň – eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdiriden möhüm meseleler girizildi.
Hakyky halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden hem-de häzirki türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine gatnaşmak üçin jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleri –talyp ýaşlar, hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler çagyryldy.