Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň wekiliýeti UNECE-iň Durnukly energetika hepdeliginiň çäginde geçirilen çärelere gatnaşdy
20.09.2024

18-19-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilýän BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Durnukly energetika hepdeliginiň çäginde geçirilen çärelere gatnaşdy.

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow bu çäräniň «UNECE sebitinde adalatly geçiş üçin mümkinçilikleri kesgitlemek» atly bölümçesinde çykyş etdi. Bölümçäniň dowamynda ýurtlaryň ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerine geçiş prosesinde öňdebaryjy tejribe we bar bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

19-njy sentýabrda hepdelikde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Wepa Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi. W.Hajiýew öz çykyşynda Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlary barada giňişleýin gürrüň berdi we 2025-nji ýylda SPECA-da (BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy) Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäginde ileri tutulýan wezipeleriň ähmiýetini belledi.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň esasy şertleriniň hatarynda çykyş edýän durnukly energetika we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak ugurlaryny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Hususan-da Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we gaýtadan dikeldilýän energetika pudagynda taslamalary öňe sürmek ýaly ileri tutulýan ugurlara ünsi çekdi.

Mejlis energiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak we durnukly ösüş taslamalaryny durmuşa geçirmekde tejribe alyşmak bilen tamamlandy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi